Kitaplar hakda köp gyzykly maglumatlar bar. Mysal üçin, dünýädäki ilkinji kitap “Almaz Sutra” b.e.öňki 868-nji ýylda ýazylyp, Buddanyň taglymatyny öz içine alýar.
Dünýädäki iň kiçi kitap mikroskopiki ölçeglerde öndürilip, duýgur tehnologiýa bilen çap edildi.
“Gadsby” romanynda asla “e” harpyna duş gelinmeýär.
Kitaplar pikir we seljeriş ukyplaryny artdyrýar, şol bir wagtyň özünde bilim we perspektiwalar taýdan baýlaşdyrýar.
Neşir edilen sanawlara we gözleglere görä, dünýäde iň köp satylan kitaplaryň sanawynda birinji orunda durýan, ýagny dünýäde iň köp okalan kitap bolan Çarlz Dikensiň ýazan “Iki şäheriň ertekisi” atly kitabydyr.
Kitap sözi arap sözinden gelip çykyp, “ketebe”- ýazylan diýen manyny berýär.
Leonardo da Winçiniň gidrawlika, suwuň hereketi, geologiýa we astronomiýa boýunça käbir eserlerini öz içine alýan 72 sahypalyk kitaby 1994-nji ýylda Bill Geýts tarapyndan 48,4 million dollara satyn alyndy we dünýäde iň gymmat kitap adyna eýe boldy. Bu kitap Bil Geýtsiň şahsy ýygyndysynda ýer aldy.
Patma AŞYROWA
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň
103-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy