Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi halkymyzyň we dünýä sungatynyň baý hazynalarynyň bir ajaýyp sergiler zalydyr. Çünki dünýä medeniýetine hem-de sungatyna sarpa goýýan halkymyzyň milli baýlyklary bilen bir hatarda dünýä şekillendiriş sungaty , dünýä taryhy, medeni zolaklary bilen daşary ýurtlardan gelýän jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekmekde muzeýimiziň abraýynyň uludygy bu ýere gelýän we mahabat işleri bilen birlikde muzeýimizdäki ýazgy kitapçalaryndaky beýan edilýän ýürek buýsançlar hem subut edýär. Saz sungatyndan başlap, beýleki senetlerden başlap, dünýäniň çar künjüne ýaýraýan taryh bilen bir hatarda ýokary derejelei gurnalan serginiň ähmiýetli mahabat işleri bu gün türkmen topragynyň buýsançly döwrüniň waspyny doly ýetirmek üçin elinden gelenini edýär. Gahryman Arakdagymyzyň hem-de Arakdagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda edilýän işler bolsa, muzeý babatynda juda ähmiýetlidir. Türkmen topragyny dünýä tanatmakda biziň muzeýlerimiziň ähmiýetiniň ýokarydygy adamzat taryhynda subut edilip gelnen zatdyr. Muzeýiň ýygyndysynda Günbatar Ýewropa sungatyna degişli Italiýa, Fransiýa, Gollandiýa, Angliýa, Ispaniýa we Germaniýa ussatlaryň XIV-XIX asyrlardaky nakgaş, heýkeltaraşlyk eserleri, farfor önümleri ýerleşdirilendir.
XIV asyrda Ýewropa medeniýetinde orta asyr ýörelgelerinden dogruçyl çeperçilik oý-pikirlere we adamsöýüjilikli dünýägaraýyşa geçmek babatda çylşyrymly akym başlanýar. Dünýä taryhyna “Galkynyş zamanasy” diýen at bilen giren sungatyň ösüş ýolundaky täze tapgyr Italiýada has-da aýdyň ýüze çykýar. Şol wagtlar ol ýerde suratkeşler Leonardo da Winçi, Mikelanjelo we Rafael öz ölmez-ýitmez eserlerini döredipdirler. Galkynyş medeniýetiniň binýadyna adamsöýüjilik, adam mertebesini we gözelligini, aklyny we erkini, onuň döredijilik güýçlerini ykrar etmek üçin goýlupdyr. Ýurdumyz gün saýyn gözelleşýär hem-de bu günler ýurdumyzda geçirilýän iň naýbaşy baýramçylyklaryň biri bolan medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylygy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri bilen bagly geçirilýän hepdeligiň dabarasy dag şýar. Muzeýimizde we beýleki ýerlerde häzriki döwürde Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramyna bagyşlanan sergiler gurmak üçin taýýarlyklaryň görülmegi hem bizde uly täsir galdyrýar. Şol sergilerde özümiziň buýsançly duýgularymyzy beýan edip, birnäçe çykyşlar, mahabatlar edýäris. Munuň özi bolsa, biziň watanymyza guwanýandygymyzyň ýene bir alamatydyr. Sergiler gurnalýar, onuň hemişelik ekspozisiýasy täzelenip durýar. Elbetde baýramçylyk
çärelerinde öz sergilerimiz bilen çykyş etmek hem-de baýramçylyk çärelerine gatnaşmak, ýaş nesli halkymyzyň hem-de dünýä halkalrynyň
milli hem taryhy gymmatlyklary bilen habardar etmek muzeý işgärleriniň borjy bolup durýar. Munuň özi muzeý toplumyny wagyz etmäge, muzeý gaznahanalaryndaky gymmatlyklary giň tomaşaçylar köplügine görkezmäge mümkinçilik berýär. Muzeý ýygyndysynyň üsti hemişe ýetirilip durýar. Dürli ugurlar boýunça, dürli çäreler, baýramçylyklar esasynda suratkeşleriniň eserleriniň sergilerini guramak möhüm bolup durýar. Şol işleriň ähmiýeti döwrebap sungatyň meselelerine berilýän üns, onuň häsiýetli aýratynlyklaryny öwrenmekden ybaratdyr. Şunuň ýaly sergilerden soň, eserleriň käbiri
muzeýiň gazna birligi bolup galýarlar, geljekki nesillere ýetirmek üçin döwrümiziň ruhy baýlyklaryndan ybarat ýygyndysynyň üstüni ýetirýärler. Türkmen halky myhmansöýer halk. Ýurdumyza gelýän syýahatçylara bolsa, şeýle ajaýyp baýramçylyklarda we adaty günlerde öz muzeý eksponatlarymyzy görkezmek, olar bilen tanyş etmek hem-de ylmy işleri bu ugurlar boýunça ýola goýmak meseleleri bilen bagly edilýän işler sanarsyzydr. Hormatly Prezidentimiziň halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky edýän atalyk aladasy, ýurdumyzy adamzat jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasy hökmünde, dünýä arenasyna çykarmak babatda, giňmöçberli meýilnamalaryň durmuşa geçmegine ýardam edýär. Türkmenistan diýarymyzda dünýä medeniýetiniň çeperçilik genji- hazynasyna, dünýä halklarynyň özboluşly däp-dessurlaryna, olaryň medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýulýar. Şeýle sylagly gatnaşyk ýurduň iñ uly ylmy we medeni-aň bilim edaralarynyň biri bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty
muzeýiniň alyp barýan işinde has aýdyň ýüze çykýar. Änew topraklarynda ýer alan Seýitjemaletdin metjidi- armagähiniň ajaýyp portalynyň hem galyndylarynyň mozaiki keşbiniň muzeýimiziň diwarlarynda perde şekilde goýulmagy biziň topraklarymzda ýaşap geçen şahsyýetleriň öz taryhymyza goýan beýik bir sarpasy diýip düşünýäris. Biz bu gözel işleri gelip, biziň muzeýimizi görýän jahankeşdelerde ýatdan çykmajak täsir goýýandygynyň ýüzlerçe gezek şaýady bolýarys. Munuň öz muzeýmizde goýulan eksponatlarda hem öz bahasyny tapýar, gadymy Marguş, Änew medeniýeti bilen bagly ýörüte burçlar, eksponatlar biziň toparklarymyzyň nähili gadymy bolandygyny ýene bir gezek subut edýär. Türkmenistanyň çäklerinde arheologlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, şol döwürleriň maddy gymmatlyklaryna we sungatyna degişli maglumatlar bize aýan boldy.. Tapylan medeniýet we durmuş esbaplaryny seljermek bilen, W.Sarianidi Marguş döwletiniň gadymy adamzat siwilizasiýasynyň bäşinji merkezi bolandygy baradaky esaslandyrylan pikiri öňe sürýär. Şekillendiriş muzeýiniň aýratynlygy hem beýleki muzeýlere garanyňda baý milli eksponatlaryň bolmagy, gadymy asyrlarda tapylan hem-de mundan bäş müň ýylky taryhy bolan tapyndylaryň hem-de sungat eserleriniň ýokary derejeli sergisi gelýän jahankeşdelerde hem-de ylym hünärmenlerinde uly täsir galdyrýar. Daşary ýurt eserleriniň birnäçesi bilen birlikde türkmen suratkeşleriniň eserleri hem göreni haýrana goýýar. Halkymyzyň milli mirasyna sarpa goýmak bilen birlikde hut häzirki zaman suratkeşlerimiziň işlerinde hem parahatsöýüjiligiň milli ruhunyň parlap öňe çykmasy biziň ýurdumyzyň taryhynda geçmişiň yzlarynyň bolandygyny hem-de her bir wgatda türkmen halkynyň ajaýyp bir taryhy topraga eýe bolandygyny ýene bir gezek subut edýär. Demirgazyk german şäherlerinde sungat akymy hereketli bolupdyr. Şol ýerlerde giçki gotika miniatýurasynyň däpleri bilen baglanyşykly bolan nepis sungat emele gelýär. Muzeýde bar bolan bürünçden, misden we latundan ýasalan heýkeljikler gadym döwürlerden biziň günlerimize çenli ýaşap gelýän dini we gündeki däp-dessurlara gulluk edýär. Muzeýiň hemişelik ekspozisiýalarynyñ esasy böleginde hem türkmen nakgaş we amaly-haşam ussatlaryň eserleri ýerleşdirilendir. Bu eserler
muzeýiň birinji gatyny tutuşlygyna eýeläp, onuň iň uly ekspozisiýasy bolup durýar. Muzeý gymmatlyklary türkmen nakgaşçylygynyň, grafikasynyň we heýkeltaraşlygynyň uly ýygyndysy bolmak bilen, hakykatda bu ugurlaryň döreýiş we ösüş tapgyrlarynyň hemmesini açyp görkezýär. Türkmen suratkeşleriniň, dünýä suratkeşleriniň eserlerde halkyň şöhratly taryhy geçmişiniň, eziz diýaryň gözel tebigatynyň, Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň ýaşaýjylarynyň gündeki zähmetiniň waspy ýetirilýär. Häzirkizaman türkmen suratkeşleri hemişe döredijilik gözleglerinde. Olaryň beýan edýän eserlerinde türkmen topragynyň baýlykalry hem-de halk hazynasy bilen şu günüň döwrebap ýaşlarynyň bagtyýar durmuşynda edilýan işler barada gürrüň berýär. Olar eser beýanynyň täze ýollaryny tapýarlar, professional ussatlygy kämilleşdirýärler. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniñ üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar, beýle ýagdaý bolsa, ajaýyp eserleriň döremegine, ýurduň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam berýär. “Halkara parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýylynda” ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çäreleri, medeniýet hepdeligi, şeýle-de dürli gymmatlyklarymyza bolan söýgi muzeý işinde aýratyn orun tapýar. Milli mirasymyzyň hazynasy bilen birlikde häzriki zaman suratkeşleriniň işleriniň hem muzeýde orun tutmagy biziň dünýä ýüzündäki parahatçylyk söýüji halkalryň içinde iň ýokary hem iri halklaryň biridigimizi subut etdi. Munuň özi bizi muzeý işgärleri hökmünde juda bagtyýar buýsanjy başdan geçirmäge mümkinçilikler döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitapalryndan nusga alýan türkmen sungatynyň ajaýyp keşbini muzeýde görmek bagty hem gelýän myhmanlarda aýratyn täsir galdyrýar. Çünki türkmen halky gadymy halk. Onuň sungatynyň , medeniýetiniň gözelligi bolsa, muzeý
tekjelerinde dünýäniň çar künjünden gelýän syýahatçylary we bilim admalaryny haýran galdyrýar. Munuň özi bolsa halkymyzyň gymmatlyklaryny gorap saklamakda Gahryman Arkdagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň halk hazynasyna goýýan sarpasyndan gözbaş alýandyr.Biz öz halkymyzyň milli mirasyny aýawly saklamakda halkymyza ýol görkezýän, ýaş nesilleriň halk hazynasynyň baýlygyny gözümiziň göreji ýaly saklamagynda öňdengörüjilikli syýasaty ýola goýýan Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda öz işimizi nusgalyk äheňde alyp barmaga çalyşýarys. Hem-de her bir işimiziň dünýä gymmatlyklaryna goşulyp, şol gymmatlyklaryň içinde öz ýerini tapmagy üçin elimizden gelenini edýäris. Şol sebäpli-de muzeýimiziň sergiler zalynda ýerleşdirilen her bir milli gymmatlyklarymyzy, taryhymyzyň tapyndylardaky galyndylaryny Türkmenistana gelýän jahankeşdelere görkezmek üçin, öz taryhymyzy mahabatlandyrmak üçin zähmet çekýäris. Her bir halkyň milli baýlygy onuň ruhy hazynasydyr. Şol hazynanyň etrabynda her bir muzeýde özüne degişli hünärmenleriň bolup, ol tapyndylary, taryhy galyndylary mahabatlandyryp , ony dünýä ýaýmakda edilýän işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başy dik, jany sag, tutýan tutumly işleri rowaçlykalra beslensin!

Ogulmaral Ataýewa
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Mahabatlandyryş neşir edijilik
bölüminiň redaktor neşir – işiniň mahabaty boýunça baş hünärmeni