Watan
Men seň adyň daşap , asyrlarmyza
Hem saçym şemalňa aşyk meň, Watan.
Söz berip tugumyz gaçyrmazlyga ,
Sözün tutan şahyr, joşup men Watan.
Göge galsam, baş harpyňy bellämde,
Bulutlaryň leblerinden ellämde,
Dür göterip, gaş kakmaga göwrämde,
Arşyň ýedi gatyn aşyp men, Watan!
Kebelekli merdiwanňy bökjekläp,
Saçlarmyň tellerni elimde epläp,
Ýetmiş müň äleme gulsem jak- jaklap,
Seň türkmen heňiňe sadyk men, Watan!
Gül dökülsin arabamdan gujagňa,
Bal dökülsin dabaraňdan ojagňa,
“Şahyryň watany” diýip, güjeňle,
Sensiz bir jülgede gädik men , Watan!
Şabaz atlaň baz oýnaşar , näz bilen,
Güller gökde gapaksyz sonarlanar,
Öýmämi ýel oýnar- ýerden ýaz galar,
Dessanlarňa büdrän aşyk men , Watan!
Dünýä sygman, köňle sygan hoşuňa,
Anbar saçyp töweregňe- daşyňa,
Bal gatyp ilimiň döwlet aşyna,
Seniň huzuryňa sadyk men, Watan!
Watan
Gapagny açasym geldi,
Gaýnap duran çeşmeleriň…
Damarlarymdan bellidir,
Meniň Saňa teşneligim…
Suwuň ganymda aýlanýar,
Howaň köňlimiň tagtydyr.
Şahyrlaň watany bolsa,
Allanyň beren bagtydyr.
Ellerim daragtyň kibi,
Ýaýrap gidýär uzaklara.
Pelleri atyrlar kibi ,
Bozup gidýär duzaklary…
Men seniň şahaňda galan,
Ýel bolanda…
Ýapyşak deý.
Sen bolmasaň, men kimmişim,
Sen şeýlebir ýakyşykly?
Lal açsam, guşuň sözleýär,
Ker bolsam yşk içden g:ygyr.
Daşa gitsem , gözi gözläp,
Enem deýin meni çagyr…
Ýazgy:n saçlarymy çözüp,
Şemalňa kybap gelmişem.
Watan seniň ýaýlalaňda,
Doguldym,
Indem…
Mellegmiz
…şu ýerde oturardy ejem,
Elinde sapagy bardy,
Şu ýerde oturardy ejem,
Aglaýyp sogan bogýardy…
Bogmaly ýaş soganlary ýanynda,
Päkje,
Taýýardy…
Hiňlenerdi bir heň bilen,
Sözlerni eşdip bolmazdy…
…şu ýerde oturardy ejem,
…hiç ýöne geçip bolmazdy,
Sakga durman, hiç säginmän,
Diňlärdim oň owazyny…
Mellegmiz öz bir çetinde
Saklardy oň howasyny…
…Şu ýerde oturardy ejem,
Tüňçe ýaly düýrlener- de
Serederdi käte köçä,
“Kakamy gözläp…” meger-de…
…şu ýerde oturardy ejem,
Çil üstüniň topragynda…
Galdyryp horaz kekejin
oturardy gapdalynda.
Jüýjeler bozmazdy heňin…
Şu ýerde oturardy ejem,
Syzyp meger ýeriň tenin…
Gapdalynda tagarasy,
Gök otlar kuýaşlanardy…
Käte bir heň aýdýan ýaly,
Öz halyndan hoşlanardy…
Bozsaň hem uýat bolardy.
…şu ýerde oturardy ejem,
Jiglermiň seslerin diňläp…
Aýtmazdy hiç kime, hijem,
Duýgular galdy meger- de
– öz ýüreginde “iriňläp…”
…şu ýerde oturardy ejem,
Synlaňda aýdym ýalydy.
Gapdalyndan geçip gitseň,
Bir zatlar aýdan ýalydy…
Zat diýmez, özüň bilersiň,
Hataňy hem ýalňyşlarňy…
…şu ýerde oturardy ejem,
Geçirip gazap gyşlarny…
Syzardy seň syzyşlarňy.
Bir göz aýlap serederdi,
Gözleriň gussa baglasa.
Ýüregiňde ýer ederdi,
seredişi assa- assa…
Soň: “Näme üçinkä? Diýerdik,
ejem mellekde aglasa…
…söhbet hem edip bilmedik,
Biz oň bilen aga- ýana…
Özi gaýta umyt bi:ýrdi:
Gapdalynda aglaýana…
Şu ýerde oturardy ejem:
“Mamamy ýatlap megerem…
…biziň howlymyz gözeldi,
gelerdi kä garry enem…”
Belki her zady içine,
Salyp ýatlardy geçeni…
Mellegiň hut şu ýerinde jaýlanlar ýaly ejemi…
…edil tamdyryň gory deý,
Her geçemde ýanýar içim:
“…şu ýerde oturardy ejem,
Şu ýerde oturardy ejem…”
Erkek dogan
Erkek dogan suwjuk bolmaz,
Ýüregi hut çelpek dogan.
Barsam, gaýtsam ýollaryma,
Sözüň bilen gül dök dogan.
Bir mahallar batbörege
Çolaşardy galpak dogan…
Diýme maňa: “Sözüň çuň däl”
Aýna ýaly ýalpak dogan!
Mündirer “sürerdiň ulag”
Bizi
şonda galtak dogan.
“Geldi- gelmedi” diýmäwer,
Gözde gizläp, çylpyk dogan.
Süýji geplemersiň bilýän,
Şonda- da ýürek dok dogan…
Seň kalbyň aňyrsy umman,
Garramawer entek dogan,
Erkek dogan, erkek dogan…
Ejem ýaly…
Dünýede gowy adamlar
Tiz ýaşaşyp geçen ýaly…
Aglasyň gelýär käteler,
Adam görseň ejeň ýaly…
Dymmalyk ýar boldy maňa,
Ýaňralyk hut göçen ýaly…
Gürleseň- dä hut käte bir
Garabagyr ejeň ýaly…
Süýji günleň kölgesinde
Jennet suwun içen ýaly…
Meň uçma düşesim gelýär,
Ejem ýaly, ejem ýaly…
32Däli köňlüm uçdy göge,
Sen kapasam açan ýaly…
Sen kakama meňzeş käte,
Kä mähriban ejem ýaly…
Derdimiň intizarysyň,
Dert, sen hem men üçem ýaly…
Sen meniň arym- namysym,
Hem höwürim ejem ýaly…
Düýbi deşikdir girdäbyň,
Biz öňem bir geçen ýaly…
Bile ýatlansak bor soňra,
Kakam bilen ejem ýaly…
Eje, ýüregim üşeýär…
Eje, ýüregim üşeýär…
Ýorgan hem ýapyp bolanok.
Ýüregim üşeýär , eje,
“diýýänni” tapyp bolanok.
Gözümden akýar burjysy,
Gaýraty at çapan ýaly…
Size meňzeş oň gurluşy-
-Göreňde hut Watan ýaly…
Ýüregim üşeýär , eje,
Penjiresi jyklatmazmyş.
Menden hem syr saklap, kejir,
Hiç kese gapy açmazmyş…
Eje, ýüregim üşeýär,
Tapaýmasaň, bir sen derdin…
Şol sözi küýseýär belki:
“Gaýratly gyzym” diýerdiň…
Ýürgim üşeýär , eje,
Ýorgan hem ýapyp bolanok.
Çoýunanok peje, kejir,
“ Diýýännem” tapyp bolanok…
Başgaça mümkin däl eje!
Başgaça mümkin däl eje! Söýmän ekenimmiş bar şol…
Sen meni ýene “Günäsiz balamsyň” diýip garşy al!
Sen eje ahbetin, bilýäň: Gyzyň demi gelmez sensiz.
Kakam meni geçmişdäki suratyna daňyp gitdi,
Ýogsam onsuz, ýogsam onsuz…
Oglanlygym doňup gitdi…
Başgaça mümkin däl eje, “Jiglermiň boýny egilmän,
Dursun” diýdim, kerkaw ýaly…
Gezdim ýördüm, gezdim ýördüm, sag dünýede
Syrkaw ýaly…
Damarlam ýogsa taýakdy,güldüm şol ýansa- da içim,
Sensiz galmak ýeňil iş däl, başgaça mümkin däl eje…
Kesgitlenen ädimlerim, nusga boldy ula- kiçä,
Mümkin däldi undulmagym, Başgaça mümkin däl eje!
Ýokdy göwnümiň awlagy,ýel bilen ylgap geçdim men…
Mejnunyň hyrkasyn basyp, Leýlini üwräp geçdim men…
Duýgulam dartdy- la ýüjä…
Saýhallandym soň kem- kemden…
Başgaça mümkin däl eje, sensiz dünýede kemsinmek…
Jiglermiň elinden tutup, ýörjen etdim, ýörjen etdim.
Özüm lokmamy iýdirip, üst- başlaryn gurjak etdim.
El uzadan zatlaryny alyp berjek boldum mydam,
Başgaça mümkin däl eje,
“Wi ýa- da şol mümkinmikän?”
“Eje, eje,eje, eje, daşymdan aýdasym geldi,
Kemsidildim,kem görüldim,öýüňe gaýdasym geldi…
Emma gözýaşlarym bilen görünmedim ile hijem,
Çaga deý göz- gaşlam bilen, diňledim aglan göremde,
Öýe barýan bolsam gijem…
Başgaça mümkin däl eje, başgaça mümkin däl, eje!
Ýönekeý günler…
Ýönekeý günleri küýsedim juda…
Sada günler…
Olar owadan bolýar.
Olar bilen “gümür- ýamyr” edýän kä,
Olar çagalygmy ýadyma salýar…
Pejiň başy… köke gyzdyryp hemem
Sakgyç süýji bilen ýasardyk torty…
Ýönekeý günleriň gadry başga- la,
Olar gutardy…
Ýönekeý günlerde kakam ejeme
Nahar bişirerdi bazar günleri…
Daňdan gök satmana ýygyp kän oty,
“aňzagyň bahara ýazan günleri…”
Olar hem ýönekeý günlerdi olar,
Adamlaň meslikden azan günleri…
Günüň gysga bolup, güýzüň hem gyşa
Gazan gapagy deý agan günleri…
Ýönekeý günlerdi…
Ýönekeý günlerde söýgim bardy meň,
Entek gahrymany bolmasa-da oň…
Goşgy okanymda duýgym bardy meň,
Ýüzüme gülgüne çaýan – meselem…
Ýönekeý günleriň işigi bardy-
Daň kuýaşy sim deý eýwana “üýşer”
Ýönekeý günleriň gadry başgady,
Olar ömrüň ahyryna barynça,
Hakyda ýaşasa, ýadyma düşer…
Teläriň üstünde gargalar çokan,
Güýzden galyp, gatan köne üzümler…
Şeýle…
Biri ýumşak, birisi gaty,
Ýöne juda mährem ýönekeý günler…
Ýönekeý günleri küýsedim juda…
Gözüm açsam gidýär, ýumsam hem gelýär.
Ýönekeý günleriň gadry başgaça,
Olar çagalygmy ýadyma salýar…
“Sen öýlendiň, şonda…?”
Bahar jümjümesin dok:ap ýördi hut,
Guşlar saýramaga küýlendi şonda…
Pyntyk açan duýgylarmyz,
A sen… aýtman- diýmän öýlendiň şonda…
180 dereje birden nurly gün,
Güneýden küzeýe aýlandy şonda,
“Men dünýäniň niresinde galdymkam?”
Sen öýlendiň şonda,
Öýlendiň şonda…
Burç ýasady asman,
Bulut çakyşyp,
“Güýjüm bolsa, uçjak”,
Şaýlandym şonda.
… Ýö:rdük biz kä wagt ogryn bakyşyp,
Ýöne sen näme üçin öýlendiň, şonda…
Toý…
Gelnalyjy…
Küşdepmäge ýeňňeler,
Hem-de ýigit, gyzlar aýlandy şonda…
Sum:at bolduň,
Tapylmadyň iki gün,
Ýöne başga gyza öýlendiň, şonda…
Ýyl geçdi,
Geçdi aý…
Ýyldyzlar öçdi…
Seçdi durmuş seçjegini biz üçin…
Maňa ençe gezek näme üçindigin,
Düşündirjek bolup, şaýlandyň şonda…
“Näme üçin duýdansyz öýlendiň, şonda?…”
S:o:oň: “Bagyşla!” diýdiň,
“Bardy sebäbi…”
Ýuwdunyp, daşymdan aýlandyň şonda…
Meniň gözlerimde sorag belgisi
Aglap duran borly:
“Näme sebäpli, meni ýalňyz goýup,
Öýlendiň, şonda..?”
Başyň goýup, egnimdäki gyňaja,
Meni söýen gözleň çyglandy şonda…
Düzedip bolmajak ýalňyş edipdiň:
“Ýaryň taşlap,
Nädip öýlendiň, şonda?”
Diňlemedim belki,
Aýtjak bolupdyň:
“Söýmenmi seni?”
Şu sözi diýmäge peýlendiň şonda…
Emma meň kamatym ýeke soraga
Öwrülip gidipdi: –
“Öýlendiň, şonda?”
Ajy guýy
Guýylaň içine siňipdi ruhum,
Geljege taryhyň kölgesi bolup.
Hol gün gördüm seni guýyň başynda,
Baldyzlaryň bilen, gelneje bolup…
Suw çekmäge durduň, gyzlar kiçidi,
Guýa bakdyň, meni gördüň belki- de…
Sen ýylgyrjak bolduň, gözleň garagnyň
Içindäki dertler welin öňküdi.
… Sen durmuşa çykdyň,
Men bolsa sygman,
Guýa girdim, gury eken çukury.
Gözýaşlarym bilen doldurdym şol gün,
Hem içinde galdym,
Galdy sudurym…
“Hihhh”- edip içiňi çekdiň, tisgindiň,
Tutduň gorky bilen gyzan ýaňagňy.
Guýy doly gözýaş, içinden bakyp,
Tanadyň sen aglap duran garagmy.
Sen durmuşa çykdyň, doldy guýylar,
Içer ýaly däl suwlary, şor bary.
Baldyzlarňy tirkäp, gaýtdyň yzyňa,
Küýsediň sen süýji suwly obaňy.
…Ondan bäri ýyllar geçdi, galňady,
Hanalary doldy ajy guýulaň.
Sen durmuşa çykdyň, a men öýlendim,
Özgerişip gitdi, ady guýulaň!
Ýönekeý ýodajyk
Belki-de beýlebir gözel hem däldir,
Meni munça oda salary ýaly…
Ýöne ömrüň sahaplarna dolaýar,
Zordan ýaza çykan balary ýaly:
Ýaprak ýatyr…
Güýzem geçdi…
Gyş geldi,
Edil aýralygyň hazany ýaly…
Belki- de Mejnunyň öňünden çykar,
Ol dyzyna çöküp, alary ýaly…
Derekler çyzgyç deý durlar hatara,
Käte- de ussadyň galamy ýaly…
Birden- birden soňsuzlykdan ses gelýär,
Ylham perişdäniň habary ýaly…
Käte bir öwüsýär çapgyn, sowuk ýel,
Atanyň ogula gazaby ýaly…
Belki- de diýýändir: Git- de duýup gel,
Enäniň perzende azaby ýaly…
Belki- de beýle- de däldir bu ýoda,
Ussat şahyrlaryň ýazany ýaly…
Ýönekeýje bolsa bolubersin ol,
Ejemiň gamlyja gazaly ýaly…
Dylym- dylym edýär gökde bulutlar,
Şu ýodany tapyp ýazanym bäri…
Belki ýene geçer bu ýerden biri:
Meň şahyr ýüregmiň nazary ýaly…
Bulutlar gül döküp…
Eteginden gül döküşip bulutlar,
Geçdi gitdi aňyrsyna dünýäniň.
Gyşyň meňzi örtenipdir, solupdyr,
Paşman garyň ýer üstünde müňzäni.
Baharyň riştesi aýlaýar başyň,
Dal bedewiň agyzdaragy misli.
Çyrmaşyk nallara çyrmaşyp barýar
Gülhana öwrülip, bedewleň üsti.
Läläň ýaňaklary şowhunyn sazlap,
Bahary buşlaýan baky dünýäniň,
Eteginden gül döküşip bulutlar,
Puja öwrüp joşýar garyň müňzänin…
Derýa ör- boýuna galaýjak ýaly,
Dereleri begres kysmy atynyp…
Älemgoşar guçup alaýjak bolýar
Aşagynda ýatan meniň watanym…
Daglar derdiň ýaly nyzama durlar,
Zemin lälä monjuk dakyp derleýär.
Bu aýdymlar meniň synama gurlan,
Hem owazym: “Watan” diýip, gürleýän.
Gül reýhandan baglar sapyp hiňňildik,
Kebelekler sallançagyn üwreýär.
Şeýdip bahar başlar meniň ilimde:
Bahar gelse duýgular hem düwmelär.
Çala başyn egip sary ýasemin,
Sebzä dakyp, reňki täze sim-u zer
Bu ahwaly tanap bilen ýa Kerim!
Gül suwyn ýaýradar syna- da meger.
Taňrym! Taňrym!
Bu ne joşgun, bu ne ýer,
Teneçirler sazandalaň hatary.
Bulutlar gül döküp geçip gitdiler,
Arasynda galdy meniň watanym!
Uzaklarda , bir ýerlerde…
Gün gyçagyn gyran ýaly,
Uzaklarda , bir ýerlerde…
Deňiz suwun süren ýaly,
Uzaklarda , bir ýerlerde…
Bahar gerilipdir bug deý,
Maýsalapdyr ýaşyl bugdaý,
Aýyň seçekleri tug deý,
Uzaklarda , bir ýerlerde…
Gunçalar tara düzülen,
Şunça ýyl ýara üzülen,
Owaz bar, saly üzülen,
Uzaklarda , bir ýerlerde…
Ýagmyra ezilen ýaly,
Ýürege gezelen ýaly,
Bar, kalba ýazylan biri:
Uzaklarda , bir ýerlerde…
Gyş gelmänkä…
Kämil däl bolarly bu beýik baglar,
Garga geçse hüjjerişýär saçlary.
Gyş heniz nobata goýmandyr
Çemli
Güýz toşabna dalan bu agaçlary…
Bilýänem däldirler aňzagyň baryn…
Adam şeýle bolýar…
Gaty söýende.
Täsin…
Gyş gelende asyljak daryn
Çyrmaşyklar taýýarlaşyp goýanda…
Agaçlar henizem ýaprak dökerne,
Ynanmazdan dowam edýär ýangynyn.
Ezilip damary güýzüň şekerne,
Hamana gelmejek ýaly gamly gün…
Goýalşan mürepbe,
Ýumşak toşabyň
Nobatyny syzyp, süýji gülaby…
Häzir süňňü müdimilik galjak deý,
Göýä häzir başlajak deý bal aýy…
Gargalaň opera aýdyşyn diňläp,
Toprak baş ýaýkaýan mysaly häzir.
Tekiz ýerde büdräp gelýän enem deý,
Güýzüň ruhy gökde hasaly häzir…
Şemal ýekelänok öýsüz itleri…
Gorkusyndan gizlenişýär syçanlar.
Güýz gelse obamyz aňyryk süýşüp,
Uzaklaşan ýaly bolýar ejemler…
Toşabyň ysyna eräp bedenim,
Kimdir birin göresleri gelýändir.
Gyş gelmänkä bilmän näme ederin,
Agaçlar hem hut men ýaly bolýandyr.
Ol heniz nobata goýmandyr çemli,
Agaçlar bukulyp, nyýaza durmaz…
Emma…
Arasynda bölek bulut deý
Geçip gidýär gyş köýnekli…
Sudurlar…
Körsyçan
Şahada aslyşyp ýatan körsyçan,
Bakdy mawy köle yaşyl göz bilen.
Tirpilda öwürip töwerek daşy,
Assajadan ýigit gelýär gyz bilen.
Başga älemleriň şekilimi bi?
Ýa kenara ýazylypdyr gül düşek.
Körsyçanyň bakýan ugrunda häzir
Başga zatlar ýöräp barýar başaşak.
Agaçlar köküni çümdirip göge,
Kebelekleň ugry däl aýyl- saýyl.
Älemgoşar çelejige meňzeýär,
Bulutlar ýüp bökýär,
Howa has maýyl…
Teneçiriň saz guraly uçup ýör,
Başyn tutýar gorkup birden körsyçan.
Mawy kölüň köýnegini ütükläp,
Dumanyň aljyrap, ýüzüp ýörşi çuň…
Ümsüm kenar toý- baýrama beslene,
Bahara taýyn deý, guşagy läle.
Başaşaga bakyp duran körsyçan,
Dünýä tersligine bakanda näme?
Ýüpden gaçan gaýyk täje çalymdaş,
Tersligine küreginde togtady.
Ýetip bilmez bir mätäje çalymdaş-
Köl içinde galdy aýyň nogtasy…
Güller sapagyndan bolýar sypmajak,
Ählisini synlap bakýar körsyçan.
Durna kölüň aýnasynda pyrlanýar,
Asla onuň bu dünýäni görşi çyn.
Iňrik garalmadan öň geçen ýaly,
Sürüleriň tozan basan bakjasy.
Gamyşlykda birden zym uçan ýaly,
Aýnaň goýup giden geýim bukjasy.
Kölüň kenaryndan bakýar başaşak,
Belki dogry bakýar bize körsyçan.
Dünýäni bolşy deý görmek hyýaly,
Oňa aýan däldir,
Ýöne görşi çyn…
Men dünýäde…
Men dünýäde öňem bardym ahyry,
Ýöne men öň ýokdum, seniň dünýäňde…
Görsene muny…
Senden öň gelmäge endik edindim,
Dünýä däl- de duşuşyga giç agşam.
Meň dünýäde öňem barlygym bilip,
Hiç kimi söýmeýşiň…
Ýalňyz, “dynç alşyň”
Meni derde goýýar, goýýar ahyry…
Sen oýansaň, oýanyp dur ýüregim,
Sen durlansaň, dury…
Horlansaň- ejiz…
Beýle hala düşürişiň şahyry
Alymlar hem açyp bilenok heniz…
Men dünýäde öňem bardym- bilýäň sen-
-Ine,
Nýutonyň dartyş kanuny saňa…
Men yşgyň depderni görkezdim eltip,
Şo gün Nazar Gullaň ümsüm sapagna…
Men dünýäde öňem bardym, geldim iýr…
“Sen gelersiň” diýip, Gül bakjasyna.
Şo gün janym eltip berjekdim welin,
Nazar mollum gelmändir- dä sapaga…
Men dünýäde öňem bardym, bir salam
Iýberip ýörere sen ýakyn däldiň!
Gür çynaryň aşagynda dursamam…
Gelmediň:
“Men dünýä gelmelem däldim”
Men dünýäde öňem bardym…
“Sen gersiň,
Ýa- da meň barlygma baglarsyň bagy”…
Diýip…
Leksiýada surat çekipdim,
Hyrçyny dişledip, Nazar Gullanyň…
Ýogsa näme?
Seň gelerňe has iýrdi
Has soňlar soňlandy yşgyň hijrany…
Men dünýäde öňem bardym ahyry…
Söýýänimi ýalňyz goýaýar ýaly…
Beýle doň däldi meň uly ýüregim…
Hem perdesi üzük däldi dutarmyň…
Men dünýäde öňem bardym ahyry,
Höwürlidi
Bilýärdim men, pudagym…
Men dünýäde öňem täsin nepesli,
Hem keşbi heserli garaşyp durdym…
Seni garşy almak bagty miýesser
Edeni
Maňa- da ýaraşyp durdy…
Men dünýäde öňem bardym ahyry,
Açmaga gelipdim, seniň ýollaryň.
Arzuw hyýallarda oturardym kän,
Leksiýasynam ýazman Nazar mollumyň…
Men dünýäde öňem bardym ahyry,
Kebelekli sähraň goltugna düşen,
Desmalyn gaçyran bulutlar kibi…
Hut saňa garaşyp, görünjek bolup,
Bäşlik gutarypdym, orta mekdebi.
Men dünýäde öňem bardym ahbetin,
Dartyşyp, hallary ökdeler bilen,
Hudaýyň syryna giripdim
Galam
Hemem goşgy ýazýan depderim bilen…
Men dünýäde öňem bardym ahyry,
Öň barlygym indi ötäýer ýaly…
Men dünýä gelmedim, ýöne keýpine,
Seni ýalňyz goýup, gidäýer ýaly…
Meni gam basanda…
Meni gam basanda özüň gelginiň,
Däl ýüküm ýönekeý, aladam kiçi…
Siňe bakyp bilmän, reňki gülgüne,
Uzakdan seretseň ,
Gözlermiň içi…
Meni gam basanda özüň gelginiň,
Ähli zatdan geçip,
Älemden geçip…
Meni gam basanda özüň gelginiň,
Dogry bakýan gözlem ýaşyldyr göçi…
Hoş bir nazar bilen bak,
Senden haýyş
Diňe özüň gelgin,çünki seň gamyň,
Meniň huzurymy ýylatmak üçin,
Meni gam basanda özüň gelginiň,
Sorama “Neçüýn?”
Ýylgyran bolsam hem, gülen bolsam hem,
Uzakda däldigňi bilen bolsam hem,
Sowuk bolsa gözlem, ýalyn bolsam hem,
Meni gam basanda özüň gelginiň,
Şol maňa gerekdir.
Diňe şoň üçin…
Uzaklardan bir ýerlerden baksaňam,
Seň küýüňde öz yşkymy ýaksamam,
Men gözlesem,senem meni tapmasaň…
Meni gam basanda özüň gelginiň,
Diňe saňa garaşýaryn,
Meň üçin…
Sowuk gijeleriň serhedin geçip,
Meni gam basanda özüň gelginiň…
Gitmäýin öçüp…
Ýakyn baksam ýaş bar gözleň teýinde,
Diňe ýagtylyk bar mähriň öýünde,
Hamana pyşyrda garyp diýemde:
“ Meni gam basanda özüň gelginiň…”
Garaşýanym üçin, söýýänim üçin,
Gözlermiň ýaşyna garyp adyňy:
“Sen bolmasaň, bolmaz” diýýänim üçin,
Meni gam basanda özüň gelginiň,
Düşün…
14.09.2025

RU












