Türkmen we hytaý halklaryny köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklar birleşdirýär. Geçmişde türkmen-hytaý gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen amala aşyrylypdyr. Häzirki wagtda bu ýol söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, ýokary tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer, sport, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlary boýunça gaýtadan dikeldilýär.

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň strategik ugry hasaplanýan ylym-bilim we medeni ulgamlarda ikitaraplaýyn oňyn gatnaşyklar netijeli alnyp barylýar. Türkmenis­tan­da dost­luk­ly Hy­taý döw­le­ti­niň di­li­ni, me­de­ni­ýe­ti­ni, ta­ry­hy­ny öw­ren­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma uly.

Häzirki wagtda türkmen ýaşlary Hytaýyň ençeme ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça döwrebap bilim alýarlar. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda ylym babatda hem giň gerimli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Iki ýurduň alymlarynyň tejribe alyşmagy ylym ulgamynda türkmen-hytaý ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Döwletimizde geçirilýän halkara ylmy maslahatlara belli hytaý alymlarynyň gatnaşmagy, Türkmenistanyň alymlarynyň bolsa, dostlukly ýurtda geçirilýän ylmy forumlarda çykyş etmekleri ikitaraplaýyn ylmy hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirilmegine saldamly goşant goşýar.

Şeýle hem ýakynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary birnäçe duşuşyklary geçirdiler hem-de hytaý halkynyň milli medeniýeti bilen tanyşdylar. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

Şeýlelik bilen, taryhy köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklary häzirki wagtda hil taýdan täze mazmuna eýe bolup, üstünlikli ösdürülýär.

Annageldiýew Emirmuhammet

Türkmen döwlet maliýe institutynyň,

Salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň Töwekgelçilikleri dolandyrmak we ätiýaçlandyryş  işi hünariniň  talyby.