20-nji martda 2015-nji ýyldaky iň uly astronomiki wakalaryň biri ýüze çykar, ýagny doly Gün tutulmasy bolup geçer, ony Russiýanyň we GDA-nyň çägindäki döwletleriň ýaşaýjylary synlap bilerler.
Bilşiňiz ýaly, planetalar we olaryň hemralary bir ýerde durmaýarlar. Ýer Günüň daşyndan aýlanýan bolsa, Aý Ýeriň daşyndan aýlanýar. Şoňa görä-de, wagtal-wagtal Aýyň hereketi dolulygyna ýa-da bölekleýin Güne gabat gelýär.
Gün tutulmasy –Aýyň kölegesiniň Ýer şaryna düşmesidir. Bu kölegäniň diamertri 200 km bolup, Ýeriň diametrinde birnäçe esse kiçidir. Şonuň üçin hem Gün tutulmasyny diňe Aý kölegesiniň inçe zolagy bilen bir wagtda synlamak mümkindir.
Eger synlaýjy Aýyň kölegeli zolagynda bolsa, doly Gün tutulmany synlap biler, ýagny, şol pursat Aý Günüň öňüni dolulygyna ýapýar, asman garaňkyrap, ýyldyzlar görünýär. Howa salkynlap, ürken-gorkan guşlardyr jandarlar närahatlyga düşüp özlerine sümelge gözläp başlaýarlar. Hatda käbir ösümlikler özleriniň ýapraklaryny öwürýärler.
Dolulygyna Gün tutulan mahaly Gün atmosferasynyň içki gatlagyny – Gün täjini synlap bilersiňiz. Ol diýseň ajaýyp tomaşadyr.
Gün tutulmasy wagtynda birnäçe täsirleri synlamak bolýar. Gün tutulmagynyň ýüze çykan ýerinde asman gijeki ýaly bolmasa-da, daşky gurşawyň temperaturasy birden peselýär. Gün dolulygyna tutulanda Gün hromosferasy we korona görünýär. Haýwanlar we ösümlikler tutuşlygyna tutulmagyna gijeki ýaly reaksiýa bildirýärler we aladalary başdan geçirýärler.
Gün tutulmasy diňe täze Aýda ýüze çykýar we Aýyň orbitasynyň ekliptiki tekizlige meýilli bolmagy sebäpli, her täze Aýda ýüze çykmaýar. Gün tutulanda, oňa Ýeriň islendik ýerinden syn edip bolýar.
Ýene-de iki ýyldan, 2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda doly Gün tutulmagy bolup geçer. Ol “Asyryň Gün tutulmagy” diýlip atlandyrylýar. Sebäbi ol 6 minut 23 sekunt dowam edip, 1991-nji ýyldan bäri Ýer ýüzünden görlen iň uzyn Gün tutulmasy bolar. Bu barada NASA habar berýär. Ondan soňky şeýle uzyn Gün tutulmasy diňe 2100-nji ýyldan soň bolup geçer.
Baýramowa Baýramgül
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby

RU












