Dünýäde iň bir gadymy halklaryň biri bolan türkmen halkynyň ruhy dünýäsini nurlandyryp, milli buýsanjyna we baýlygyna öwrülen gymmatlyklary diýseň köp. Şeýle gymmatlyklaryň naýbaşylarynyň biri-de ýyndamlykda, çydamlylykda we owadanlykda älem-jahany özüne bendi edip gelen türkmeniň behişdi bedewleridir. Biziň ata-babalarymyz ençeme müňýyllyklaryň dowamynda atçylyk bilen meşgullanyp, owadan, ýyndam, güýçli atlary ösdürip ýetişdiripdirler. Hormatly Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda belleýşi ýaly, gadymy döwürlerde hem biziň argamaklarymyzyň ady meşhur bolupdyr. Dünýäniň iň irki taryhy ýazgylaryndan başlap, häzirki güne çenli olar barada täsin hekaýatlar ýazylypdyr. Dünýäniň hökümdarlary taryhyň kyn döwürlerinde özlerini halas etjek iň uly güýjüň bedewlerdedigine düşünipdirler. Bedew atlaryň güýçli duşmana gaýtawul bermekde hem iň kämil ok-ýaraglardan has gereklidigini ykrar edipdirler. Dünýä ýaň salýan söweşijilere garşy zarba urmak üçin, ynsan ýaly syzgyr bedewleri ýoldaş edinmelidigine ynanypdyrlar.

Dünýädäki halklaryň hersiniň özüne mahsus aýratynlyklary bar. Ahalteke bedewleri biz — türkmenleri geçmişiň has irki döwürlerinden bäri dünýä tanadyp, tapawutlandyryp gelýär. Alymlar miladydan öňki VIII-IV müňýyllyk aralygynda atlaryň ilkinji eldekileşdirilen ýeriniň Günorta Türkmenistan bolandygyny ylmy esasda subut etdiler. Geçmişde ahalteke atlary köplenç ýagdaýlarda Nusaý atlary ady bilen bellidirler. Ahalteke bedewleri dünýädäki bar bolan at tohumlarynyň iň gadymysydyr. Bu atlar häzirki döwürdäki belli bolan at tohumlarynyň köpüsiniň döremegine öz goşandyny goşandyr.

Geçmişde ahalteke atlaryna ýöne bir at hökmünde garalman, bulara asmandan inen behişdi bedewlerdigine ynanypdyrlar. Şu pikir şu günler hem ýörgünliliginde galýar. Arheologlar Altaýda gazuw-agtaryş işlerini geçirýärkäler öz döwrüniň imperatorynyň gyzynyň guburynyň üstüni açýarlar. Şa gyzynyň ýanynda alty sany Nusaý aty hem jaýlanan eken. Dini düşünjelere görä, adam ýogalandan soň onuň ruhy asmana göterilýärmiş. Ine, şu nukdaýnazardan asmandan inen atlar onuň ruhuny Arşa alyp gitsin diýen niýet bilen onuň ýanynda atlaryny jaýlapdyrlar diýip düşündirýärler. Has ir döwürlerde Parfiýanyň beýik ýörişlerinde, soňraky döwürlerdäki Seljuklaryň, Köneürgenç türkmenleriniň, Osman imperiýasynyň gazanan ýeňişlerinde esasy orny ahalteke atlarynyň eýeleýändigini belleýärler.

Jumaýewa Gulaýym
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby