Gyz edebi diýlende, ilki bilen göze ilýän zat, türkmen gyzlaryna mahsus bolan ar-namys, asyllylyk, sypaýyçylyk we özüňi alyp barmak medeniýetidir. Bu, ýöne bir düzgünler ýygyndysy bolman, eýsem, türkmen milli gymmatlyklarynyň we däp-dessurlarynyň esasynda kemala gelen ahlak ýörelgeleriniň tutuş bir ulgamydyr. Gyz edebi – türkmen maşgalasynyň abraýy, nesliň terbiýesi we jemgyýetiň aýnasy hasaplanýar.Gyz edebi, irki çagalykdan başlap, ene süýdü bilen ganyna siňýär. Türkmen maşgalasynda gyz çaga, geljekki ojak eýesi we enesi hökmünde aýratyn gymmatlyga eýedir. Ene-atalar, garaz, ähli dogan-garyndaşlar gyzyň terbiýesine uly üns berýärler. Oňa kiçijikden söz diňlemek, ululara hormat goýmak, çalasynlyk we zähmetsöýerlik öwredilýär. Gyzyň hereketleri mylaýym, sözleri sypaýy bolmaly. Gygyryp sözlemek, ulularyň sözüni kesmek, gaharjaňlyk görkezmek edepsizlik hasaplanýar.

​Türkmen gyzynyň iň esasy bezeglerinden biri hepaýalylygydyr. Bu, agraslygy, utanjaňlygy we ýerliksiz açyk bolmazlygy aňladýar.Gyz çaga öý işlerine, el işlerine we aşhanadaky ýumuşlara irki wagtdan goşulmaga höweslendirilýär. “Gyzly öýe rysgal geler” diýen pähim şonuň üçin aýdylýar.Gyz edebi diňe bir maşgalanyň çägi bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetdäki gatnaşyklary hem düzgünleşdirýär. Edep, gyzy ýat illeriň ýaman nazaryndan we bet niýetli adamlardan gorap saklaýan iň ygtybarly galasy hasaplanýar. Türkmen gyzynyň geýimi mydama arassa, ýerine düşýän we ýapyk bolmalydyr. Milli lybaslar – ýaşyna görä reňki we nagyşlary saýlanan köýnekler, ýakalar we öýme-ýaglyklar gyzyň edep-ekramynyň aýdyň şaýadydyr.Gyz, hereketleri bilen diňe özüniň däl, eýsem bütin maşgalasynyň abraýyny goramaga borçludyr. Ol özüni alyp barşynda il arasynda gürrüň döretmekden, ýa-da at-abraýa zyýan ýetirjek hereketlerden gaça durmalydyr. Edep, geljekki maşgala durmuşyna çynlakaý we jogapkärli çemeleşmegi talap edýär. Gyz üçin wefalyllyk, sada we asyllylyk iň esasy häsiýetlerdir.

Häzirki döwürde dünýäniň açyklygyna garamazdan, türkmen gyzlarynyň köpüsi ata-babalarymyzyň asylly däplerini, şol sanda gyz edebini berjaý etmäge aýratyn üns berýärler. Bu, olaryň milli özboluşlylygyny we ruhy baýlygyny saklamagyny üpjün edýär.Gyz edebi – bu, geçmişden geljek nesillere ýetirilýän gymmatly mirasdyr. Ol türkmen gyzynyň kalbynyň arassalygyny, pähim-paýhasyny we durmuşdaky berk ornuny beýan edýär. Edep, gyzy has hem owadan we mertebeli edýän, onuň bütin ömrüne ýol görkezýän görki we goragydyr.

Nazarmyradowa Gülşat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 110-njy toparynyň talyby