​Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda ýerleşýän Sarahs Babanyň Kümmeti we Gadymy Sarahs şäheriniň galyndylary Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasynyň iň gymmatly ýadygärliklerindendir. Bu desgalar sebitiň irki we orta asyr taryhy, yslam siwilizasiýasynyň ösüşi we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky durmuş bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

​Sarahs Babanyň Kümmeti (Abul Fazylyň Mawzoleýi)

Bu kümmet XI asyrda, has takygy 1023-nji ýylda aradan çykan, il arasynda Sarahs Baba diýlip atlandyrylan meşhur musulman akyldary Abul Fazl Hasanyň mazarynyň üstünde bina edilipdir. Abul Fazl Sarahsy öz döwrüniň uly hormatyna mynasyp bolan şahsyýet bolup, akyldarlygy, sadalygy we belent mertebeliligi bilen tanalypdyr. Ol Beýik seljuk türkmenleriniň döwletini esaslandyryjylar bolan Togrul beg bilen Çagry bege soltanlyk patasyny beren, Türkmen halkynyň beýik piri Abul Seýit Abul Haýyryň (Mäne babanyň) halypasydygy hem çeşmelerde agzalýar.

Kümmet monumental kompozisiýadan ybarat bolup, esasy göwrümi parallelepiped görnüşindedir. Ol 23х23 sm ölçegli bişen, inedördül kerpiçlerden gurlupdyr. Diwarlaryň galyňlygy 2,5 metre ýetýär. Bu binagärlik desgasynyň öz döwrüniň arhitektura mekdebiniň ýokary ussatlygyny görkezýändigi bellenilýär. Sarahsly ussalaryň ussatlygy Rabat-Şarif kerwensaraýy, Soltan Sanjaryň äremgähi ýaly beýik ymaratlaryň gurluşygynda hem öz beýanyny tapypdyr.Kümmet häzirki Sarahs şäheriniň takmynan 1,5 km günorta-gündogar tarapynda ýerleşýär.

​Gadymy Sarahs Galasy we Şäher Galyndylary

Gadymy Sarahs şäheri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, Nişapur bilen Merwiň aralygynda, Tejen derýasynyň ýokarky akymynda ýerleşen möhüm merkezi şäher bolupdyr. Ilat bu ýere eneolit döwründen (b.e.o. IV müňýyllyk) göçüp gelip başlapdyr. B.e.öň II müňýyllygyň ortasynda Parfiýa döwletiniň düzümine girip, Siraken adyny alypdyr. Käbir çeşmelerde şäheriň düýbüni Turan şasy Afrasyýabyň tutandygy we öň “Galaýy Afrasyýap” diýlip atlandyrylandygy hakynda rowaýatlar bar. Arap basybalyşlaryndan soň we Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunyň üýtgemegi netijesinde (Eýranyň merkezi welaýatlaryndan Nişapur arkaly Sarahsyň üsti bilen Merwe) şäheriň ähmiýeti has artýar. Orta asyrlarda Sarahs gülläp ösýän, berkidilen şähristanly, umumy meýdany 120 gektara golaý bolan uly şähere öwrülýär. Şähristanyň daşyndaky diwarlary 12 metr ýokaryk galdyrylan, 340×560 metr uzynlykda bolupdyr. Şäher içki galadan, şähristandan we giň şäher eteginden ybarat bolup, esasy ilat şähristanda ýaşapdyr.Sarahs orta asyrlarda diňe bir söwda merkezi bolman, eýsem, ylym we hünärmentçilik merkezi hökmünde hem tanalypdyr. Hususan-da, Sarahsly ussalaryň gurluşyk sungaty ajaýyplygy bilen meşhur bolupdyr.Häzirki wagtda Köne Sarahs galasynyň ýerinde gadymy ilatyň berkitme galasynyň we şäheriň esasy merkezi bolan içki galanyň (diwarlarynyň beýikligi 20 metre barabar bolan) galyndylary saklanyp galypdyr. Gadymy şäheriň medeni gatlagy takmynan 120 gektar meýdany tutýan “Tebigy depede” ýerleşýär.

​Sarahs Babanyň Kümmeti we Gadymy Sarahs galasy türkmen topragynyň baý taryhynyň we yslam medeniýetiniň möhüm şaýatlarydyr. Bu ýadygärlikler Türkmenistanyň 2010-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Miras sanawyna girizilmäge synag edilýän desgalarynyň hatarynda hem orun alýar. Olaryň goralyp saklanmagy geljek nesiller üçin taryhyň gymmatly sahypalaryny açmaga mümkinçilik berýär.

Rahymow Şatlyk
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 110-njy toparynyň talyby