Bu ösümlik gaty uly gülleri bilen meşhurdyr we ol ysynyň çüýrän jesede meňzeşligi sebäpli şeýle atlandyrylypdyr. Ol seýrek gülleýär we esasan Indoneziýanyň Sumatra adasynda duş gelýär.Jynaza Güli (Amorphophallus titanum – Titan Arum) barada Ginnesiň Dünýä Rekortlary (GWR) boýunça maglumat.Jynaza Güli (Titan Arum) Ginnesiň Dünýä Rekortlarynda birbada birnäçe görnüşde ykrar edilen hakyky rekordçydyr. Bu bitkiniň rekordlary onuň uly göwrümi we geň ysy bilen baglanyşyklydyr.
Bu bitki dünýäde iň uly şahalanmadyk gül toplumyny (inflorescence) öndürýän görnüş hasaplanýar. Şonuň üçin Ginnes ony “Iň Beýik Gül Toplumy” hökmünde ykrar edýär. GWR Rafflesia arnoldii gülüni iň uly ýeke gül (single flower) hökmünde hasaplasa-da, Titan Arum-yň dabaraly bölegi (spadix we spathe) gül toplumy bolup, ol beýiklikde dünýäde öňdebaryjydyr.
Beýikligi: 3.225 metr (10 fut 7 dýuým)
Nirede: Meise Botanika Bagy, Belgiýa.
Haçan: 2024-nji ýylyň Awgust aýy.
3.10 metr (10 fut 2.25 dýuým) – 2010-njy ýylda ABŞ-da (Luis Riçiardielo) ösdürilip ýetişdirilipdi.
Ol özüniň güýçli we ýakymsyz ysy (çüýrän jesediň ysy) sebäpli “Iň erbet ysly ösümlik” hökmünde ykrar edilýär. Bu ys zyýankeş mör-möjekleri we ganhor haýwanlary däl-de, tozanlandyryjylary – çüýrän et bilen iýmitlenýän siňekleri we goňurja mör-möjekleri özüne çekmek üçin niýetlenendir.
Iň güýçli ys gülleýän wagty, adatça, 24 sagatdan 48 sagada çenli dowam edýär.
Titan Arum-yň köp ýyllyk ösüşi netijesinde ýerasty tohum saklaýjy bölegi bolan sümmesi hem rekord goýujydyr.
Agyrlygy: Iň agyr tassyklanan sümmäniň agyrlygy 153.9 kg (339 funt 4.7 unsiýa) bolupdy.
Ÿa§aÿan ÿeri Indoneziýanyň Sumatra adasynyň tropiki ýagyşly tokaýlary.Ol tohum ýa-da sümmäniň ösmeginden soň ilkinji gezek güllemek üçin adatça 5 ýyldan 10 ýyla çenli wagt sarp edýär. Ondan soň bolsa, köplenç 2-3 ýyldan bir gezek gülleýär.Gül toplumy açylan wagtyndan doly ýapylýança diňe 48 sagatdan 72 sagada çenli wagt dowam edýär. Bu bolsa adamlaryň we botanikleriň ony görmegi üçin gysga möhletdir. Gadymy grek dilinden gelip, “şekilsiz (nätäsin) jyns agzasy (fallus)” manyny berýär, bu bolsa onuň gül böleginiň şekiline degişlidir. Sir Deýwid Attenboro (Sir David Attenborough) tarapyndan “Amorphophallus” adynyň teleýaýlym üçin gaty ylmy bolmagynyň öňüni almak maksady bilen gysgaldylan atdyr.
Jynaza Güli (Corpse Flower): Çüýrän jesede meňzeş ysy sebäpli berlen atdyr.
Penjiýewa Näzik
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 111-nji toparynyň talyby