Samarkand Döwlet Uniwersiteti (SDU), Özbegistanyň we Merkezi Aziýanyň iň gadymy, abraýly we iri ylym-bilim merkezleriniň biridir. Ol dünýä medeniýetiniň we taryhynyň ojagy bolan gadymy Samarqand şäheriniň ylmy durmuşynyň esasy bölegini düzýär.Uniwersitetiň resmi taryhy 1927-nji ýyldan başlanyp, ol ilki Ýokary Pedagogik Institut ady bilen döredilýär.
SDU özüniň gözbaşyny XV asyrda alymlar we şahyrlar bilen meşhur bolan Mirzo Ulugbegiň Medresesinden alyp gaýdýar diýlip hasaplanýar. Bu bolsa uniwersitetiň taryhynyň 600 ýyldan gowrak döwre uzalýandygyny görkezýär.
1933-nji ýylda Özbegistan Döwlet Uniwersiteti ady berilýär.
1941-1960-njy ýyllarda beýik şahyr Alyşir Nowaýynyň adyny göterýär.
1960-njy ýyldan soň Samarqand Döwlet Uniwersiteti diýlip atlandyrylyp başlanýar.
Häzirki wagtda döwlet işgäri Şarof Raşidowyň adyny göterýär.
SDU giň ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýan iri bilim merkezidir. Uniwersitetde köp sanly fakultetler we ylmy-barlag institutlary hereket edýär.
Esasy Fakultetleri we Ugurlary:
Filologiýa we Dil Bilimi: Özbek, Täjik, Rus, Gündogar we Ýewropa dilleri.
Taryh we Pelsepe (Filosofiýa).
Takyk Ylymlar: Matematika, Fizika, Himiýa, Biologiýa, Geografiýa.
Informatika we Sanly Tehnologiýalar.
Ykdysadyýet we Dolandyryş (Menejment).
Hukuk (Ýurispudensiýa).
Pedagogika we Psihologiýa.
Bedenterbiýe.
Uniwersitetde 70-den gowrak bakalawriat we 50-den gowrak magistratura hünärleri boýunça bilim berilýär. SDU-da ýokary ylmy derejeli professor-mugallymlar, şol sanda akademiklar, ylymlaryň doktorlary we PhD alymlary işleýär.Uniwersitetde dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri yzygiderli alnyp barylýar. Doktorantura (PhD we DSc) maksatnamalary boýunça ýaş alymlar taýýarlanýar.SDU-nyň ylmy-okuw edebiýatynyň fondunda 3 milliondan gowrak kitap bar. Şeýle-de, uniwersitetiň ylmy kitaphanasynda 15,000-e golaý seýrek golýazmalar we gadymy kitaplar saklanýar. Uniwersitetde birnäçe muzeý, şol sanda Zoologiýa muzeýi we beýlekiler hereket edýär, olar talyp we mugallym üçin uly ähmiýete eýe.SDU dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Halkara alyş-çalyş maksatnamalaryna we taslamalaryna (meselem, Erasmus+) gatnaşýar. Halkara derejedäki reýtinglerde öz orunlaryny yzygiderli ýokarlandyrýar.
Samarkand Döwlet Uniwersiteti Özbegistanda bilim ulgamynyň ösüşine we ylmy mümkinçilikleriniň artmagyna uly goşant goşýan, gadymy medeniýeti we häzirki zaman ylmyny utgaşdyrýan esasy merkezdir.
Öwezow Azatgeldi
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 101-nji toparynyň talyby

RU



