Zähmet bölünișigi boýunça olar șu așakdaky derejelere bölünýärler:
1) Ýolbaşçylar – dolandyryș diwanhanasynyň hemme möhüm meseleleri boýunça çözgüt kabul edýän ișgärler;
2) Hünärmenler – belli bir hünär boýunça kärhanada iș alyp barylýar ( buhgalter, inžener, ykdysatçy, we s.m.)
3) Tehniki ýerine ýetirijiler – resminamalary resmileșdirmek, hasap ișleri bilen meșgullanýar (kanselýariýa ișgärleri, hasapçylar).
Dolandyryș zähmetini peýdalanmagyň netijeliligi iki topar faktor bilen kesgitlenilýär:
1) Hünärmene degișli faktorlar.
2) Onuň zähmetiniň ulanylyș çägine degișli faktorlar.
I topara şu aşakdakylar degişlidir:
1) tebigy zehin.
2) hünärmene zähmetsöýerlik,sap wyždanlylyk, guramaçylyk, dogruçyllyk, bașarjaňlyk, telekeçilik zehini, optimizm, öňdebaryjy bolmak ukyby we ș.m. ýaly șahsy häsiýetleriň terbiýelenmegi;
3) umumy medeni mekdep taýýarlygy ;
4) okuw jaýlarynda alan professional bilimi ;
5) iș tejribesinde, praktiki ișde alnan professional taýýarlyk;
6) Ișiň ortaça intensiwligi( zähmet aktiwligi)
II topara
1) Köp basgançaklylykda hünärmeniň ykdysady jogapkärçiligiň derejesi: ol hünärmen özüniň nädogry hereketi bilen ýetirip biljek zyýanynyň derejesini kesgitleýär;
2) kärhananyň ( guramanyň ) gerimi;
3) kärhananyň maksady:
4) kärhananyň netijeliligi we onuň faktorlary: tehniki abzallasdyrylyșy we guramaçylyk.
Dașary ýurt kärhanalarynyň menejerleriniň zähmetine mahsus bolan aýratynlyklar:
– ýazma ylalașyklaryň az ähmiýetliligi;
– hasabatyň tertibini ýönekeýleșdirmek;
– menejerleriň arasyndaky gatnașyklaryň häsiýetiniň az resmiligi;
– meýilnamalașdyrmaklyga wemodelleșdirmeklige az üns berilmegi;
– taslamalary ișläp düzmeklige uly üns berilmegi ;
– durmuș gatnașyklaryň etikasy (esasanam, ișçini ișden boșadanda)
Hojalyklarda düzümiň kesgitlenilişi
Zähmeti guramak diýip, iș ýerinde janly zähmet bilen önümçilik serișdesiniň gös-göni özara baglanyșygyny üpjün edýän prosese düșünilýär.
Bazar ykdysadyýeti șertlerinde her bir kärhananyň esasy maksady- önümçiligiň netijeliligini, peýdany ýokarlandyrmakdyr. Zähmeti guramak bolsa, bu maksada ýetmegiň esasy șertidir.
Ișiň ahyrky netijeliligini șu așakdaky arabaglanyșyk görnüșinde göz öňüne getirmek bolar.
Ahyrky netije: ișçiniň zähmetinden, ișçiniň zähmetiniň intensiwliginden, ișçiniň zähmetiniň kwalifikasiýasyndan, hünärmeniň zähmetinden, ýolbașçynyň zähmetinden, ýolbașçynyň zähmetiniň intensiwliginden, ýolbașçynyň zähmetiniň kwalifikasiýasyndan, ýolbașçynyň zähmetiniň öndürijilikgüýjünden ybaratdyr.
Bazar șertlerinde zähmetiň öndürijilikli güýji ýolbașça, hünärmene, önümiň saýlanylyp alynyșyna we nähili tehnologiýa boýunça öndürilișine, önümçiligiň gidișiniň nähili guralyșyna bagly bolýar. Eger-de öndürilen önüm bazarda öz ornuny tapmasa, onda zähmetiň öndürijilik güýji nula deň bolýar. Șonuň üçin kämil tehnologiýany önümçilige ornașdyrmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak ýolbașçynyň zähmetiniň öndürijilik güýjüne baglydyr. Mundan bașga-da her bir ýolbașçynyň tabynlygynda azyndan 5-8 ișçi ișleýär.
Ýolbașçy tarapyndan nädogry goýlan wezipe ýerine ýetirijileriň bir günde 5-8 adam/gün ýitirmegine getirýär.
Eger-de șu hadysany umumy halk hojalygynyň möçberinde alsak, onda ummasyz ýitgini göz öňüne getirmek bolar. Șu mysal hem ýolbașçynyň zähmetiniň öndürijilik güýjüniň nähili ähmiýetiniň bardygyny
görkezýär.
Menejeriň esasy wezipeleri.
Menejerleriň zähmetine mahsus bolan esasy özara bagly 3 wezipäni öňde goýýar.
1. Ykdysady wezipe : dolandyryș zähmetiniň netijeliligni gowulandyrmak ýolbașçynyň ylmy taýdan esaslandyrylan we tejribede synag edilen usullaryny we utgalaryny kämilleșdirmek.
2. Psihofiziologik wezipe : zähmet prosesi wagtynda adamyň saglygyny we ișe ukyplylygyny saklamagyny üpjün edýän has amatly önümçilik șertlerini döretmekden ybaratdyr.
3. Durmuş wezipe: zähmet prosesi wagtynda ýüze çykýan durmuș prosesleri düzgünleșdirmekden, zähmeti adamyň ilkinji durmuș islegine öwürmekden ybaratdyr.
Roza AŞYROWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň Maglumat Tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Hasaplaýyş torlarynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby

RU



