BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda, 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi şeýle hem ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ýene bir gezek biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ýene bir gezek biragyzdan kabul edilmegi ýaly taryhy wakalar tutuş adamzadyň bagtly geljegi üçin parahatçylyk maksatly işler boldy.

Taryhy Kararnama Bitaraplygyň türkmen nusgasyna dünýä döwletleriniň uly ynam bilen bil baglaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgeleri türkmen Bitaraplygynyň düýp özenini düzüp, tutuş dünýäde olaryň giňden ýaýylmagynda uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren başlangyçlarynyň bu günki gün dünýäde asudalygyň pugtalandyrylmagyna, parahat ýaşaýşyň üpjün edilmegine, halklaryň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly esas bolandygy, munuň şeýledigine BMG-ä agza döwletleriň ýurdumyzyň başlangyçlaryny biragyzdan goldaýandyklarynyň anyk subutnama bolup durýandygy barada buýsanç bilen bellemek bolar.

Dünýäniň parahatçylygy, halklaryň bir-birek bilen ynanyşmagy — tutuş adamzadyň bagtyýarlygy, bagtydyr. Bu gün bütin adamzadyň ykbaly, ýagty geljegi hakynda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary, ýurt hem dünýä ähmiýetli beýik işleri her birimiz üçin nusgalyk mekdep. Goý, şanly ýylymyzyň toýly günlerine dowamat beren hemişelik Bitaraplygymyzyň çawy mundan beýläk-de dünýä dolsun! Baharyň hoştap howaly günlerinde ýüreklerimize joşgun salan hoş habarlaryň yzy üzülmesin!

Aýna INNETOWA,

Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň Aktýorlyk sungaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby.