Eýsem her bir ulanyjyda esasy zatlaryň biri enelik- ýagny esasy erkezleşdirlen nokat bolýar. Şol nokada kompýuterde enelik plata – ýagny “материнская плата”- esas diýilmegini aňladýar. Kompýuter tehnologiýalarynyň esasy ulanyjylary çatýan we işi ýöredýän ýerleriniň biri hem enelik platasydyr. Kompýuterde başga ulanyjylar hem esasy funksiýany ýerine ýetirýär, emma bu has wajybydyr. Enelik plata bu kompýuterdäki esasy elektron desgadyr. Ol șahsy kompýuteriň ähli elektron böleklerini baglanyșdyryp, șolaryň arasyndaky maglumat çalșygyny üpjün edýär. Kompýuterdäki bar zatlaryň hemmesi enelik plata birikdirilýär. Enelik platany häsiýetlendirýän esasy bölekleriň biri çipset diýlip atlandyrylýan mikroshemadyr. Adatça ulanyjynyň käbir halatlarda säginme bermegi we gidip duran iş prosesiniň togtamagy enelik plataynyň işlerine zeper ýetirilmeginden bolup biler.

Ulanylýan çipsetiň görnüși boýunça enelik platanyň nähili enjam bilen ișläp bilýändigini anyklap bolýar. Enelik platada diňe esasy ýerine ýetiriji bölekler ýerleșdirilýär we galan bölekler aýratyn gurlușlarda bejerilip, enelik platada ýörite gurnalan birleșdirilýän höwürtgä dakylýar. Kompýuter ulanylanynda belli bir bitewilik göz öňünde tutulyp, asyl ulgam bilen birlikde hereket edýän enelik platasynyň funksiýasynyň ýokarydygyny göz öňünde tutmak has wajypdyr.

Enelik platada, adatça, mikroprosessor, operatiw huș, dürli șinalar, alyșberșe jogap berýän mikroshemalar, giňeltme höwürtgeleri we portlar ýerleșdirilýär.

Elbetde kompýuterleriň içki düzüminde hem çylşyrymlylyklaryň köp bolşy ýaly, daşynda hem şeýle mümkinçilikleri sazlamak we olary öwrenmek wajypdyr. Çünki ulanyjyny ähli sistema bilen bile öwrenmegiň wajyplygy hakda aýtmak zerurdyr.

Kompýuterleriň stoluň üstünde goýulýan ýa-da göçme enjam hökmünde özbaşdak we ulgamda peýdalanyp bolýan görnüşleri giňden ýaýrandyr. Olary köplenç ²personal (şahsy) kompýuterler² diýip atlandyrýarlar. Personal kompýuterleriň görnüşleri näçe köp bolsalar-da olaryň ählisine mahsus birnäçe umumy häsiýetler bar: olar söhbetdeşlik düzgüninde işlemäge ukyply, amatly, ölçegleri kiçi, agramlary bolsa ýeňil. Personal kompýuterleri dünýäniň köp döwletlerinde giňden peýdalanylýar. IBM korporasiýasyndan başga-da şeýle kysymly kompýuterleri dünýäniň ýüzlerçe kompaniýalary öndürýärler.

Her bir öýde, hat- da käbir ýerelerde her bir otagda, kompaniýalaryň düzüm derejesini ýönetmekde hem kompýuter ulanyjysynyň wajyplygyny ýüze çykarmak üçin kompýuteri yzygiderli öwrenmek zerurlygy ýüze çykýandyr. Șahsy kompýuterler ișleýiș tizlikleri, operatiw ýatlary we içki ýadynyň sygymy bilen tapawutlanýarlar.

Tawus Dowletmyradowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwerstitetiniň Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 4-nji ýyl talyby.