10-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 64-nji mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2025-nji ýyl üçin Meýilnamasynda görkezilen wezipelere laýyklykda Toparyň geçen ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat berildi.

Mundan başga-da, Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2026-njy ýyl üçin Meýilnamasy tassyklanyldy. Ýokarda agzalan meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýylyň birinji ýarymynda öňde duran wezipelere aýratyn üns berildi.

  Mergen GURBANNAZAROW

  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby