Ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalary işlenip düzüldi we kabul edildi. Şeýle resminamalar milli bilim ulgamynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi. Ýurdumyzda okuw möhletiniň dowamlylygy halkara ülňülerine laýyklykda kadalaşdyryldy, mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalary täzeden taýýarlanyldy.
Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap bilim ojaklarynda ähli dersleri talabalaýyk geçmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň hatarynda zähmet sapagy hem bardyr. Zähmet mugallymy mekdep okuwçylaryny durmuşa, döredijilikli zähmet işine taýýarlaýar, olarda zähmet başarnyklaryny we endiklerini
Kemala getirýär, zähmet, ahlak, gözellik terbiýesini amala aşyrýar, olary hünäre taýýarlaýar.
Mugallymyň taýýarlygy, onuň bilimi, işe gyzyklanmasy bu köp derejede okuw işini kämilleşdirmek meselesini üstünlikli çözmäge, ýurdumyzda ösýän ylmy-tehnikanyň talaplary, döwrebap ylmy ýörelgeleriniň we medeniýetiniň umumy derejesi bilen gabat gelmelidir.
Zähmet okuwy beýleki dersler bilen bilelikde şahsyýetiň kemala gelmeginde, syýasy aňly-düşünjeliligiň terbiýelenmeginde, ýokary ahlak häsiýetleriň kemala gelmeginde möhüm orny eýeleýär.
Zähmeti okatmagyň usulyýeti dersiniň esasy meselesi geljekki mugallymlara okuwyň usullaryndan, tärlerinden, gurallaryndan nähili peýdalanmalydygyny öwretmekden ybaratdyr.
Yaş nesliň köpugurly zähmete taýýarlygynyň şertleri hem iri senagat önümçiliginde düzgünleşdirilýär. Şol esasda zawodlara, fabriklere gezelençleri guramaklyga, tejribe işleriniň dürli görnüşlerini geçirmeklige uly üns berilmelidir.
Yaş nesli önümçilik zähmetine taýýarlamak işinde öňi bilen matematika, fizika, biologiýa we himiýa dersleri boýunça umumy hem-de tehniki bilimleri bermekligiň ähmiýeti uludyr. Bilim bermek bilen birlikde, politehniki başarnyk zähmet okuwynda iň möhüm orny tutýar. Syn etmek, enjamlara gözegçilik etmek, çyzuwlary we shemalary okamak, bejeriş işlerini geçirmek we ş.m. işler onuň wezipelerini düzýär.
Bilim ulgamyna kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mugallymlaryň we beýleki bilim işgärleriniň işlerini guramakda netijeli bolup durýar. Bilim işgärleriniň jemgyýetdäki ornuny kanunçylyk namalary arkaly berkitmek hem ýokarda bellenilip geçilen we Kanunda beýan edilýän kadalar bilen berk baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzda, ähli welaýatlarda döwrebap çagalar baglary, mekdepler gurlup ulanmaga berilýär.
Lebap welaýatynyñ Farap etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň zähmet mugallymy
Hakimow ltalmaz Çaryýewiç.

RU












