Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr diýip, milli Liderimiz belleýär. Şoňa görä-de, syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ylmy kuwwatyň yzygiderli artdyrylmagyny, hünärmenleriň gözýetimini giňeltmegini döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagy başarmagyny, ýagny ýokary bilimli we hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň, bir tarapdan, düýpli we amaly ylymlar ulgamynda öňdeligi eýelemäge çalyşmagy, beýleki tarapdan bolsa, barlaglaryň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagynyň depginleriniň güýçlendirilmegi innowasiýalar hem-de ösüş döwrüniň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ylmyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylaryň hataryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, uly durmuş-ykdysady netijä eýe bolýar.
Ýurdumyzda ýokary döwlet edarasy — Ylymlar akademiýasy hereket edýär, onuň ýolbaşçylygynda döwletiň ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirilýär. Eýýäm häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlaryň geňeşi işjeň hereket edýär. Onuň işine talyplar we olaryň halypalary bolan mugallymlar gatnaşýarlar. Bu ylym-bilim düzümleriniň ulgamy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň höwesini we başlangyçlaryny goldamaga, olary ilerletmäge we durmuşa geçirmäge ýardam bermäge, ýaşlaryň halkara maslahatlaryna we duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmagyny üpjün etmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täzelikleriň maglumat binýadyny döretmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň ylmy-barlaglarynyň ileri tutulýan ugurlary nebit we gazhimiýa, elektroenergetika, gurluşyk serişdeleriniň senagaty, uglewodorod, mineral we beýleki peýdaly gazylyp alynýan serişdeleri çykarmak we gaýtadan işlemek, nanokompozision materiallary döretmek, suwy arassalamagyň usullary, gazyň çykarylyşyny artdyrmak, seýsmohowpsuzlygy üpjün etmek ýaly ylmy-barlag ugurlarynda jemlenendir. Bu ylmy-amaly wezipeleri çözmegi döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň alymlarynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipe hökmünde kesgitledi.
Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär.
Hakdan halatly, köňli sahawatly milli Liderimiz bilen ak ertirleri nazarlap, ynamly öňem barýan berkarar döwletimiziň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Älem içre ýaň salýan şol şanly wakalar ozaly bilen taryhy ähmiýetliligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Munuň özi agzybir, zähmetsöýer, merdana halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze taryhynyň altyn sahypalaryny ýazýandygyny aňladyp, buýsanjyňy artdyrýar.

NARLYÝEWA Aýgözel
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 206-njy toparynyň talyby