Gadymdan däp bolan naýbaşy baýramlaryň biri bolan ähli musulman halklaryň täze ýyly diyip atlandyrylýan Nowruz baýramydyr. Nowruz baharyň gelenini buşlaýan topraga jan girýan baglaryň pyntyklanyny habar berýan baýramdyr Nowruz täze ýyl täze tebigat diýmekdir. Nowruz baýramy däp-dessuryň baýramydyr. Nowruzyň gelmegi bilen tebigatyň janly keşbe girmesi baglaryň gül açyp topraga atylan tohumlaryň maýsalamagyny mysal getirip bolar. Türkmen halky hem Nowruz baýramyny saz söhbet bilen uly dabara bilen giňden belläp geçýär. Nowruz baýramyny türkmen halky ozuniň nowruz ýaýlasy diyip atlandyran ahal ýaýlasynda bir jem bolup uludan belläp geçýär. Ahal ýaýlasynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ozüniň mynasyp goşandyny goşup zähmet çekýän adamlar bir saçaga jemlenip saz söhbet edip özleriniň el-hünärini, başarnyklaryny görkezmek bilen baýramçylyk şowhunyna şaýat bolýarlar. Nowruz baýramy özüniň gelenini tebigat bilen hem baglanyşyklydyr. Halk içinde howanyň üýtgemegi ýagny nowruzyň gelmegi diyip düşünilýär. Il içinde däp bolan nowruz baýramy bahar baýramy diyilip hem aňladylyar.
Nowruz geldi ilime
Bahar gunçasyn açyp,
Sena geldi diliňe
Şahyr ylhamyň seçip.
Nowruz baýramyny türkmen halky diyseň täsirli ýatda galyjy äheňde Gahryman Prezidentimiziň hut ozuniň gatnaşyp dabarany açyp bermesi türkmen halkyny diyseň ruhlandyrýar. Bu baýramda türkmen halky özüniň gadymdan gelýän mililiklerini ýaýmasy, däbe öwrülen nowruzda semeni taýýarlamagy halkymyzyň özüniň däp-dessuryny ýoýman biziň günlerimize getirilmegi geljek nesillere ýetirmekde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagalalarynyň netijesidir. Şular ýaly baýramçylyklaryň giňden dabaralandyrylmagy däp-dessurymyzyň ,milli gymmatlyklarymyzyň ýaýbanlandyrylmagy geljege mirasdyr.
Babaýewa Aýjeren
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby

RU












