Halkara futbol federasiýasynyň iş merkezi Ýewropanyň futbol ligalarynda 2000-nji ýylda doglan we ondanam ýaş zehinleriň oýun göterimini hasaplady.
- DUŞAN WLAHOWIÇ
2000-nji ýylda doglan Wlahowiç topary Fiorentinanyň bu möwsüm oýnan ähli oýunlarynyň 42%-nde ýer aldy.
- ÝASINE ADLI
Soňky döwür ýaşlara has köp bil baglaýan toparlaryň biri bolan Bordeaux-yň bir bölegine öwrülen Adli ähli oýunlaryň 43% göteriminde oýnady.
- WIKTOR GOMEZ
Espanýol toparynyň 2000-nji ýylda doglan zehini Gomez 45% oýun görkezijisi bilen sezony dowam etdirýär.
- NOAH KATTERBEK
2001-nji ýylda doglan Köln-li zehin 47% görkeziji bilen toparynyň üstünligine goşant goşmaga çalyşýar.
- OZAN KABAK
2000-nji ýylda doglan Ozan Şalke topary bilen oýunlaryň 54%-nde oýnady.
- BENOIT BADAŞILÝE
Monako-nyň ýaş zehini 56% oýnamak bilen toparynyň esasy oýunçysyna öwrülip başlady.
- HAMED TRAORE
2000-nji ýylda doglan Hamed Sassuolo toparynda 56% oýnamak bilen özüni ykrar etdirmek babatda ynamly barýar.
13.TAKEFUSA KUBO
57% oýnamak bilen, Mallýorkanyň düzümine girmekde kynçylyk çekmeýän zehiniň asyl topary Real Madrid bolup durýar.
- JORIS ÇOTARD
2001-nji ýylda doglan ýarymgoragçy toparynyň oýunlarynyň 59%-nde meýdança çykdy.
- AURELÝEN TÇOUMENI
Bordeux-den Monako toparyna transfer bolan ýaş zehin 59%-lik oýun görkezijisine eýe boldy.
- ALFONSO DEVIS
2000-nji ýyl bolmagyna garamazdan, Bawariýa ýaly meşhur toparda 59% oýun görkezijisi bilen özüni ykrar etdirmegi başaran Dewisiň transfer bahasy £25 milliona barabar.
- MARAŞ KUMBULLA
2000-nji ýyl zehin goragda oýnaýar we 61%-lik oýun görkezijisi bilen ünsi çekýär.
- MOHAMED SIMAKAN
Strasburgyň zehini 61%-lik oýun görkezijisine eýe.
- RAÝAN AIT-NOURI
Anjersiň geljekki ýyldyzy 68% oýun görkezijisi bilen janköýerleriň söýgüsini gazanmagy başardy.
- FERRAN TORRES
71% oýun görkezijisi bilen Walensiýanyň 2000-nji ýylda doglan ýaş zehini toparynyň esasy oýunçysyna öwrülip barýar.
- JEÝDON SANÇO
Iňlis zehin toparynyň oýunlaryna 80% gatnaşyp, ýewropada adyndan söz etdirmegi başardy.
- EDUARDO KAMAWINGA
Rennesiň bu möwsümdäki üstünligine öz goşandyny goşýan Kamawinga 89% oýna çykyp, toparynyň esasy oýunçylarynyň hataryna goşulmagy başardy.
- MAKS AARONS
Norwiç toparynda ýyldyza öwrülip barýan Aarons 92% bilen ähli oýunlarda diýen ýaly meýdança çykdy.
- SANDRO TONALI
2000-nji ýylda doglan zehin Bresçiýa toparynyň ýarym goragynyň esasy futbolçysyna öwrülmek bilen, 94% oýun görkezijisine eýe boldy.
- DEÝAN KULUŞEWSKI
Topary Parmanyň oýnan oýunlarynyň 95%-nde meýdança çykdy.
«Newashgabat».

RU



