«Türkmenhowaýollarynyň» Russiýadaky wekilhanasynyň resmi web saýtynda 2020 ― 2021-nji ýyllaryň gyş möwsümi üçin awiabiletleriň satuwyna başlanandygyny habar berdi.
Häzir öňümizdäki gyş üçin şu ugurlara bilet alyp bolýar:
Aşgabat ― Moskwa ― Aşgabat;
Aşgabat ― Sankt-Peterburg ― Aşgabat;
Aşgabat ― Kazan ― Aşgabat;
Aşgabat ― Bangkok ― Aşgabat.
Russiýadan Bangkoga üstaşyr uçmak üçin hem 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 27-nji martyna çenli gatnawlar üçin bilet satylýar.
Ýakynda bu sanawa Minsk, Deli we beýleki şäherlere uçuşlar hem goşular.
Biletleri «turkmenistanairlines.ru» web saýty we subagentleriň saýtlary arkaly hem satyn alyp bilersiňiz.

RU



