9-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň täze dolandyryş-işewür merkeziniň kemala gelýän günorta künjeginde bina edilýän täze gurluşyklary synlady. Olaryň hatarynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy we Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, kaşaň myhmanhana, Hökümet münberiniň binasy bar. Döwlet Baştutany bu ýerde görkezilen bezeg ulgamyna degişli taslamalaryň we
çyzgylaryň her biri bilen giňişleýin tanşyp, gurluşyklaryň iň ýokary ölçeglerini we hemme işleriň hilini, toplumyň desgalarynyň öz wagtynda ulanmaga berilmegini, olaryň reňk öwüşginleriniň sazlaşykly utgaşmagyny üpjün etmegi
tabşyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedow gözden geçirmegini dowam edip, soňky ýyllarda Aşgabadyň sebit we dünýä derejeli iri maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülendigini, şoňa görä-de, bu ýerde gurulýan desgalaryň
ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, desgalar gurlanda, binagärlik ulgamynda dünýäniň iň oňat tejribesiniň we gazananlarynyň, häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleriniň ulanylmagy gözellik we ekologiýa nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz möhüm gurluşyk taslamalaryna girişilende, taýýarlamakdan başlap, durmuşa geçirmäge çenli olaryň amala aşyrylyşynyň hemme
tapgyrlaryny yzygiderli gözegçilikde saklamalydygyny, işleriň ýokary hilini, desgalaryň gerekli derejede enjamlaşdyrylyşyny hem-de olaryň bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmegini, öňde goýlan wezipeleri çözmäge
innowasion, toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşilmegini üpjün etmelidigini nygtady.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň günorta künjeginde bina edilýän täze gurluşyklara baryp gördi
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň günorta künjeginde bina edilýän täze gurluşyklara baryp gördi

RU



