Germaniýanyň Içeri işler we oba hojalygy ministrligi ýörite meýilnama işläp taýýarlady we nemes oba hojalyk kärhanalaryna möwsümleýin işçileri işe almaga rugsat berilmegini teklip etdi. Bu barada «Liga» habar berýär.
Meýilnama berk giriş we arassaçylyk düzgünlerini öz içine alýar. Ýurda fermerler üçin aprel aýynda 40,000, maý aýynda bolsa ýene-de 40,000 işçi çagyrylyp bilner. Işçiler toparlaryny aýratyn lukmançylyk barlagyndan soň ýörite saýlanan howa menzillerinde kabul etmem teklip edilýär. Soňra, daşary ýurtly işçiler 14 gün karantinde bolarlar, hökümet işgärleriniň «işlemek mümkinçilikli wirtual karantin» diýip häsiýetlendirýän şertlerinde ýaşarlar.
Bu möwsümleýin işçilerden kiçi toparlar dörediler. Arassaçylyk ülňülerine laýyklykda, jaý taýýarlanylar. Eger-de toparda bir näsag ýüze çykarylaýsa, onda olar düzgüne laýyklykda üzňeleşdiriler we lukmanlar tarapyndan toparyň beýleki agzalarynyň ýagdaýyna gözegçilik ediler.
80,000 möwsümleýin işçiniň Gündogar Ýewropadan, esasan, Rumyniýadan we Polşadan gelmegine garaşylýar. Bulardan başga-da, Germaniýada eýýäm 20,000 adam galdy we olaryň iş rugsady uzaldyldy.
Hökümetiň meýilnamasynda 10 000 nemes raýatyny: işsizleri, talyplary, gaçybatalga gözleýänleri we karantin sebäpli ýarym gün işlemäge mejbur bolanlary ýa-da mejbury dynç alýanlary-da işe çekmek hem göz öňünde tutulypdyr. Ýeri gelende ýatlatsak, Germaniýa, adatça, ýylda 300 000 töweregi möwsümleýin işçi gerek bolýar.
Germaniýa 80 müň möwsümleýin işçi üçin serhetlerini açar

RU



