Dünýädäki gül senagaty koronawirus pandemiýasy sebäpli düýpli tesişi başdan geçirýär, mundan diňe bir öndürijiler däl, eýsem gül satyjylar hem ýitgi çekýär.
Ýakynda Gollandiýadaky gül kompaniýalary 400 million güli, şol sanda 140 million meşhur Gollandiýa çigildemini ýok etdiler. Bu «betbagtçylyk» esasan-da çigildem satuwyna täsir etdi.
Ýer ýüzündäki iň gözel ýerleriň biri – çigildem, nerkes we Lissdäki sünbüle meýdanlary ençeme syýahatçysyny ýitirdi. Mysal üçin, Gollandiýadaky Keukenhof korollyk gül seýilgähi bu ýere gelýänlere henizem gapylaryny açanok, munuň bilen seýilgäh takmynan 25 million dollar ýitirýär. Muňa garamazdan, 25 bagban häzirki wagtda seýilgähe ideg etmegini dowam etdirýärler. Ondaky ajaýyp gülleriň suratyna her kim seýilgähiň web sahypasynda onlaýn tomaşa edip biler.
Mundan başga-da, Angliýada, Belgiýada, Italiýada gül öndürijileri ep-esli ýitgi çekýärler. Bu karantin döwründe gül satmakda ýüze çykýan meseleler bilen baglanyşykly. Ummanyň aňyrsyndan gül getirmegiň gadaganlygy Latyn Amerikasyndaky we Afrikadaky daýhanlaryň işine öz zyýanly täsirini ýetirýär. Bu babatda uly maliýe ýitgilerini diňe bir öndürijiler däl, eýsem gül dükanlarynyň eýeleri hem çekýär.
Duşenbe güni Sankt-Peterburgdaky ondan gowrak gül satyjysy satylman solan gülleri ýoklady. Sebäbi häkimiýetler şäherdäki möhüm durmuş harytlaryny satmaýan dükanlaryň hemmesiniň ýapylmagyny talap edýärler.
Daýhanlar we satyjylar bütin dünýäde tonnalap gülleri ýok edýärler
