Koronawirus pandemiýasy sebäpli dünýädäki futbol ýaryşlarynyň hemmesi diýen ýaly togtadyldy. Hemmeler karantin döwrüniň gutarmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Dürli habarlara, myş-myşlara we Ýewropanyň milli ligalarynyň ýolbaşçylarynyň aýdanlaryna esaslanyp, iň gowy 5 çempionatyň haçan dowam etjekdigini şeýle çaklanylýar:
Germaniýanyň Bundesligasy – 2-nji maý ýa-da 9-njy maý;
Italiýanyň A seriýasy – 24-nji ýa 31-nji maý, ýa-da 7-nji iýun;
Ispaniýanyň La Ligasy – 29-njy maý ýa-da 6-njy iýun, olam bolmasa 28-nji iýun;
Angliýanyň Premýer-ligasy – 6-njy iýun;
Fransiýanyň 1 Ligasy – 17 iýun ýa-da 24-nji iýun.
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň bu möwsümini awgust aýynda 3 hepde dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini ýatladýarys.
«Newashgabat».