Londondaky Tottenhem Hotspuryň eýeçiligindäki täze stadionda COVID-19 bilen göreşmek üçin aýallar saglyk hassahanasy we koronawirus anyklaýyş merkezi ýerleşdiriler. Bu hakda iňlis futbol klubynyň resmi internet sahypasynda habar berildi.
Mundan öň Beýik Britaniýanyň paýtagtynyň başga bir kluby bolan Çelsi meşhur «Stamford Bridge» stadionyny Milli saglyk gullugynyň (NHS) işgärleri üçin myhmanhana hökmünde peýdalanmaga beripdi.
Häzirki wagtda dünýäde 2.3 milliondan gowrak koronawirus ýokuşmasy hasaba alyndy, 158 müňden gowrak adam öldi. Iň soňky maglumatlara görä, Beýik Britaniýada koronawirusa ýoluganlaryň sany 115 000-den gowrak. Heläk bolanlaryň sany bolsa 15 000-den geçdi.
«Newashgabat».