Her ýyl dünýäniň awtoulag muşdaklarynyň berýän sesleri bilen kesgitlenýän «Ýylyň awtoulagy» baýragy bu ýyl hem eýesine gowuşdy. Dalaşgärleriň sanawynda «Volkswagen»-den «Mazda», «Porsche», «Kia»-a çenli köp sanly awtoulag kompaniýasy bar. Netijede, ýylyň awtoulagy «Kia Telluride» boldy.
«Mazda 3» we «Mazda CX-30» ýaly lýuks awtoulaglar bilen ýylyň awtoulagy kategoriýasynda bäsleşen «Kia Telluride» dünýäde ýylyň awtoulagy hökmünde saýlandy. «Kia»-nyň esasy ulag modeli «Telluride» Demirgazyk Amerikanyň ýylyň awtoulagy kategoriýasynda hem baýraga mynasyp bolupdy.
Lýuks ulag we öndürijilikli ulag kategoriýasyndaky baýraklar «Porsche»-niň «Electric Taycan» modeline berildi.
Mundan başga-da, «Kia» şäher awtoulagy kategoriýasynda «Mini Cooper SE Electric» we «Volkswagen T-Cross» yzda galdyryp, «Electric Kia Soul EV» modeli bilen ýeňiji boldy. Iň gowy dizaýnly ýylyň awtoulagy kategoriýasynda bolsa «Porsche Taycan», «Mazda 3» we «Peugeot 208» üçlüginden «Mazda 3»-e berildi.

«Newashgabat».