Korona wirusynyň ýaýramagy dowam edýärkä, tehnologiýa ägirtlerinden haýyr-sahawat habarlary yzygiderli gelip gowuşýar. Koronawirusy bilen göreşmegi goldaýan programmalaryň biri TikTok. Wideo paýlaşma programmasy TikTok, Covid-19-a garşy göreşi goldamak üçin 375 million dollar wada berýär.
«TikTok»-yň esaslandyryjysy Aleks Žu: «Bu global krizisde birek-birege goldaw bermek arkaly öz rolumyzy almagy makul bildik. Bu krizisden ejir çekenleri halas etmek isleýäris» diýdi.
«ByteDance»-iň eýeçiligindäki sosial media platformasy «TikTok», «Covid-19» krizisinden ejir çeken saglygy goraýyş işgärlerine we ýerli jemgyýetlere 250 million dollar berer. Şeýle hem bu kyn günlerde önümçiligine dowam etdirmäge synanyşýan kärhanalar üçin 100 million dollarlyk mahabat karzyny berer. Galan 25 million dollar jemgyýetçilik saglyk maksatnamasy üçin bölünip berler.
Şeýle hem kompaniýa sungat işgärlerine, şepagat uýalaryna, sazandalara, mugallymlara we olaryň maşgalalaryna 40 million dollar nagt berjek TikTok jemgyýetçilik kömek gaznasyny döredýär. Mundan başga-da, döreden Döredijilik okuw gaznasy bilen TikTok, uzak aralyk okuw başlangyçlaryny goldaýan mugallymlara, hünärmenlere we telekeçilik däl guramalara 50 million dollar nagt pul bagyş edýär.
Ýadyňyzda bolsa, «Google» 340 million dollar mahabat karzy we 200 million dollar maýa goýum gaznasyny, «Facebook» gazet işi bilen meşgullanýan kärhanalara 100 million dollar berjekdigini yglan edipdi. Şonuň ýaly-da, «Twitter»-iň baş direktory Jek Dörsi «Covid-19» göreşini maliýeleşdirmek üçin öz şahsy hasabyndan 1 milliard dollar berjekdigini habar beripdi.
«Newashgabat».