Indi 5G ulgamy dünýäniň iň beýik dagy bolan Ewerestde hem peýda boldy. “3Dnews” habar gullugynyň habaryna görä, enjamlar deňiz derejesinden 5000 metrden gowrak belentlikde Huawei tarapyndan Hytaýyň aragatnaşyk operatorlary bilen bilelikde gurnaldy.

Maglumatlara görä, Ewerestdäki Hytaý Telekom operator stansiýalary 5145 metr belentlikde, China Mobile – deňiz derejesinden 5300 we 5800 metr belentlikdäki iki lagerde ýerleşdirildi. Dagyň öz beýikligi bolsa 8848 metre barabar.

Taslamanyň durmuşa geçirilişine “China Unicom” operatory hem gatnaşdy. Işiň dowamynda 25 kilometrden gowrak uzynlykda täze optiki kabel çekildi. Şol sebäpli-de indi Ewerestde takmynan 1 Gbit/s ýokary tizlikli mobil internet elýeterli.

“China Mobile” 25-nji aprele çenli takmynan 6500 metr belentlikde goşmaça iki sany 5G diňini dikmegi meýilleşdirýär, bu bolsa göni dagyň depesinde çalt simsiz aragatnaşygy üpjün eder.