2019-njy ýylyň iň girdejili filmi “Avengers: Final” boldy. “Shraibikus News”-yň berýän habaryna görä, film döredijilere 890 million amerikan dollary möçberinde girdeji getiripdir.

“Deadline”-iň 2019-njy ýylda görkezen filmlerinden iň köp kassa ýygymynyň sanawynda ikinji orny “Frozen 2” filmi eýeledi. Bu film 599 million dollar girdeji getirmegi başardy.

Täzeden işlenilem  “Lion King” filmine hem Ilkinji üçlükden ýer tapyldy. Ol 580 amerikan dollary möçberinde girdeji getirmegiň hötdesinden geldi. .

Dördünji ýer “Joker” filmine berildi. Filmden 437 million dollar gazanyldy. “Kapitan Marvel” filmi bolsa bary-ýogy 414 million mukdarda girdeji getirdi.

Girdejileriň umumy mukdaryny hasaplanda, žurnalistler arassa käreRuscde girdejisini, telewideniýe hukuklarynyň satuwyny we sanly neşirleri göz öňünde tutdular. Mundan başga-da, mahabat we önümçilik býudjetine sarp edilen pul aýyryldy.

2019-njy ýylyň iň meşhur filmleriniň arasynda “Forsaž: Hobbs we Şou”, “1917”, “Star Wars: The Rise of Skywalker” we “Spider man: far from home” filmleri bar. Şoňa laýyklykda, döredijiler filmler üçin degişlilikde 84 million dollar, 77 million, 300 million we 339 million gazanmagy başardylar.