Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz
tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly özgerişler amala
aşyrylýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş, sosial ýagdaýy düýipli özgerýär. Şol sanda
medeniýet we sungat ulgamynda döredijilige uly üns berilýär. Döredijilik işleri
bilen erkin meşgullanmaga amatly şertler döredilýär. Türkmen şekillendiiş sungaty
özboluşly çeperçilik diliniň baýlygy bilen kesgitlenýär. Sebäbi onda türkmen
halkynyň däp-dessurlaryna daýanyp döredilen eserler döwrüň beýik ruhy
galkynyşy görkezýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa
geçirilýän bimoçber işler türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda, ýaş
nesli terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolup, ata
Watanymyzyň geljekki ösüşlerine itergi berýär. Bu gymmatlyk häzirki döwrüň
nakgaşçylyk eserleriniň üsti bilen arşa göterilýär.
Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty mähriban Diýarymyzyň ajaýyp we
bagtyýar gününi wasp edýär. Häzirki döwrüň sungaty milli galkynyşa eýe
bolup, batly gadamlar biler Milli Liderymyzyň görkrezen ýoly bilen öňe barýar.
Türkmeniň taryhy we medeni-mirasy öz many-mazmuny bilen şekillendiriş
sungatynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär we halkyň ruhy galkynşy bilen
utgaşyp, millilik ugry boýunça ösýup-özgerýär. Eserleriň çeperçilik täsirligi
milli ruhuň, dünýägaraýyşyň hem-de gözellik duýgynyň esasynda çözülýär.
Güneşli, bahtyýar Diýarymyzyň şu günki sungaty öz taryhynda iň gyzykly
döwrüni başyndan geçirýär. Bu sungat ütkeşik görnüşlere eýe bolup, çuň
paýhasly milli eserlerini, çeperçilik umumylaşdyrmalaryň üsti bilen döredilýär.
Suratkeşleriň döredijiligide hakykat hadysalaryna pelsepe nazarýetiniň
garamagynda akyl ýetirmek işi we olaryň ýany bilen şu döwrüň öňdebaryjy
pelsepe garaýyşlaryny ykrar etmeklik mahsus bolup durýar.
Türkmen halkynyň gözellige bolan duýgusy durmuşda ulanýan zatlaryna
siňdirilip, olar ajaýyp sungat eserlerine öwrülýär. Oňa mysal edip milli eşikleriň
reňk öwüşginleri, olara sünnälenip salnan nagyşlar, zergärleriň döreden şaý-
sepleriniň gurluşy, olaryň ýüzüne gyzyl çaýylyp salnan ajaýyp nagyşlar

2
türkmen milletiniň çeperçilik duýgularynyň ösenligine güwä geçýär. Gelin-
gyzlarymyzyň döreden ajaýyp haly göllerine hem dünýä halklary haýran galýar.
Bu jähitde belli italýän syýahatçy Marko Polo “Olar dünýäde iň inçe, iň
owadan halylary döredýärler” diýip ýazypdy. Emma gözellik duýguny türkmen
durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolan, türkmen ýigidiniň jan-howandary, ýoldaşy,
syrdaşy bolan türkmen bedewi hem ilkinji orunda durýar. Onuň buýsançly keşbi
bolsa, häzirki günde Berkarar Türkmenistanyň Tugrasyny bezeýär. Emma
türkmen topragynyň esasy baýlygy onuň şahandar gadymy halkydyr. Ähli
tarapdan täsin bu halkyň döreden zatlary bolsa sungat derejesine ýetirlendir. Muňa
bolsa biziň şu günümizde buýsanjymyz bolup duran milli mirasymyz subut edýär.
Türkmen suratkeşleri dürli temalardan ajaýyp eserleri döretdiler. Bu eserlerde
türkmeniň taryhy, halkyň durmuşynda bolup geçýän täzelikler, zähmet adamsynyň
waspy beýan edilýär. Bu eserlerde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny,
myhmansöýerligini, zähmetsöýerligini, mertligini, ynsanperwerligini, ajaýyp
tebigatyny hem-de türkmen topragyn ähli baýlyklaryny görmek bolýar. Şol
gymmatlyklaryň biri bolan türkmen bedewiniň çeper keşbi türkmen
nakgaşçygynda hem aýan görnüşde orta çykyp görünýär. Ol ajaýyp reňk
saýlanşygynda, keşpleriň stilleşdirilen ugrynda we beýleki usullarda ýerine
ýetirilip bellenilýär.
Gözbaşyny ХХ asyryň ýigriminji ýyllaryndan bärik alyp gaýdýanlygyna
garamazdan, türkmen nakgaşçylygy öz köklerini gojaman taryhyň jümmüşinden
alyp gaýydýar. Bu sungat türkmen halkynyň ýene-de bir milli sungatynyň
mirasydyr. Häzirki günde nakgaşçylyk tärinde, öz gymmatyny ýitirmeýän
türkmeniň mukaddesligi bolan gadymy dokmaçylygy, türkmenleriň durmuşy däp-
dessury, şol sanda beýleki tapawutlyklary bolan arwana düýesi, saryja goýuny,
alabaý iti, ahalteke bedewi türkmen halkynyň täsinligini emele getirýändigini,
eserler üsti bilen belleýär. Bu babatda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow – “Ahalteke bedewleri türkmen topragynyň hakyky täsinligidir,
türkmen halkynyň kalbynyň ganatydyr, biziň milli buýsanjymyzdyr”, diýip
belleýändigini aýdyp bolar.

3
Türkmenistanyň häzirki ruhy galkynyşy şekillendiriş sungatynda aýan
şöhlelenip, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp edýär. Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow türkmen şekillendiriş sungatyna
we milli senetleriň ösmegine howandarlyk edip, olaryň ösüp-özgermegine uly
ýardam berýär. Häzirki döwrüň şekillendiriş sungaty milli pelsepesiniň ugry
boýunça özgerýär. Türkmeniň milli pelsepesi bolsa hormatly Milli Liderymyzyň
kitaplarynda yglan edildi we öz asyl beýanyny tapdy. Häzirki zaman türkmen
suratkeşleri, heýkeltaraşlary, zergärleri we başga ugurly sungatyň ussatlary hem
türkmeniň ruhy galkynyşyny öz ajaýyp eserlerinde beýan edýärler.
Türkmenistanyň syýasy we ykdysady ösüşini şekillendiriş sungatynyň ösüşi hem
tassyklaýar. Şonuň üçin türkmeniň durmuşy esasan-da nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk
we beýleki ugurly sungatynda öz beýanyny tapyp şöhlelenýär. Olaryň ýany bilen,
bagtyýarlyk döwrüniň şekillendiriş sungatynda türkmeniň gadymy rowaýatlary,
şöhratly taryhy, beýik şahsyýetleriň edermenligi hem wasp edilýär, şol sanda milli
däp-dessurlaryň sahnalary görkezilýär.
Şekillendiriş sungatynda ahalteke bedewiniň keşbi, diňe Işanguly Işangulyýewiň
döredijiliginde täze döwrüň hasabaty bilen, suratkeşligiň nusgawy düzgünleri
boýunça çekilen, bedewleriň şekili bilen döreýär, diýsek dogry bolar. Ondan öňki
döwürde türkmen bedewiniň keşbi esasan-da durmuşy žanr eserlerinde we taryhy
žanrynda ýüze çykýar. Emma, Işanguly Işangulyýewiň döredijiliginde atlaryň
kesgitli sypaty, hakyky ahalteke bedewiniň “portret” ugurly keşbi döredilýär.
Soňra bu ugurda halypa suratkeşler W.Gyllyýewa, A.Gutlyýew, K.Weliahmedow
we beylekiler uly üstünlikler gazandylar.
Hormatly Prezidentimiziň jowher paýhasy bilen 2017-2018-nji ýyllarda çap
edilen “Türkmenistan – Beýik Ýüpek Ýolunyň ýüregi” atly kitaplary hem türkmen
bedewleriň taryhyny taryplan ençeme maglumatlaryň üstüni açýar. Sebäbi Beýik
Ýüpek ýoly türkmen atlary bilen berk baglanyşyklydyr, hytaýlylar türkmen
atlaryny “Asman atlary” diýip ýöne ýere atlandyran däldirler. Ine, bu ata bolan
şeýle sylag­hormatyň, ony gymmatly mal hökmünde däl­de, medeniýetiň
görkezijisi diýip hasaplanmagynyň düýp sebäbinde hem ata­babalarymyzyň aty

4
medeniýetiň bir ulgamy hökmünde kabul etmek edähedi ýatandyr. Şol pikire
gulluk eden türkmenler bir zaman: “Atdyr ýigidiň myrady” diýipdirler. At onuň
uçsa ganaty, gonsa aýagy bolupdyr. At onuň durmuşyna şeýle bir giripdir,
şeýle bir siňipdir welin, hatda ol öz ýaşaýşyny atsyz­myratsyz göz öňüne­de
getirip bilmändir.
Geçen uzak ýyllaryň dowamynda türkmen halky atyň kömegi bilen süri malyny
bakypdyr, ýer sürüpdir, söwda ýollarynda ýolagçylarydyr harytlary daşapdyrlar,
birnäçe müň menzillik ýollara öz parahatçylykly habarlaryny ýetiripdirler. Has
dogrusy, gaýry ýurtlar bilen aragatnaşyklar, syýahatlar, dünýäniň dürli
künjeklerinde türkmen döwletini gurmak bilen bagly saparlar türkmen bedewiniň
ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ýerde şol döwürlere degişli bir
taryhy maglumaty getirsek ýerlikli bolardy. Iňňän irki eýýamlardan bäri, Günbatar
we Gündogar ýurtlaryny medeni, ykdysady we syýasy taýdan biri­biri bilen
baglanyşdyryp duran söwda ýoly häzirki wagtda “Beýik Ýüpek ýoly” diýen at
bilen tanalsa­da, türki halklaryň ata­babalary bu ýola “Altyn ýol”, gadymy
taryhçylar bolsa “Bürünç ýoly” we “Atlylaryň ýoly” diýip hem atlandyrypdyrlar.
Türkmen nakgaşçylygy öz köklerini gojaman taryhyň ummanyndan alyp
gaýydýar. Bu bolsa türkmen halkynyň milli sungatynyň mirasydyr. Ol häzirki
günde hem öz gymmatyny ýitirmeýän türkmeniň mukaddesligi bolan
dokmaçylygy, türkmenleriň hem aýan orta çykyp görünýär. Ol ajaýyp reňk
saýlanşygynda, keşpleriň durmuşy däp-dessury we şol sanda beýleki
tapawutlyklary bolan arwana düýesi, saryja goýuny, alabaý iti, ahalteke bedewi
türkmen halkynyň täsinligini emele getirýändigini belleýär. Şol gymmatlyklaryň
biri bolan türkmen bedewiniň çeper keşbi türkmen nakgaşçygynda stilleşdirilen
ugrynda we beýleki usullarda ýerine ýetirilip bellenilýär. Bu babatda
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Behişdi
bedewlere olaryň dörän mekanynda – türkmen topragynda häzirki döwürde aýratyn
belent sarpa goýulýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllarynda biz
döwlet nyşanlarymyzy döreden wagtymyz Döwlet tugramyzyň merkezinde iň

5
gymmatly baýlyk hökmünde bedew atyň buýsançly keşbini ýerleşdirmegi makul
bildik,” – diýip belleýär. Ençeme ýyllaryň dowamynda ünsden düşürilip gelnen
atşynaslar döwlet ýolbaşçysyndan beýle mähirli sözleri eşidenlerinde ýürekleri
jiglemekdenem geçip, hormatly Prezidentimiziň pähim­paýhasyny, ýol
ýörelgelerini baýdak edindiler. Dünýäniň hiç bir döw letinde atşynaslara döwlet
tarapyndan hormatly at dakylmaýar. Ýurdumyzda ýörite Türkmen bedewiniň
baýramy bellenip geçiler diýip, atşynaslaryň ýadyna­oýunada düşmeýärdi. Iň
esasy zat bolsa Döwlet tugramyzda bedewiň şekiliniň, onda­da nurana
bedewimiziň Ýanardagyň asyl keşbiniň ýerleşdirilmegi bedew janköýerleriniň
depesini göge ýetirdi. Köplenç, beýleki döwletleriň tugrasynda erkinligiň nyşany
hökmünde guşuň şekiliniň alynýan mahaly, türkmen bedewine – türkmen iliniň
myrady – guşuň erkinligini, gülüň terligini, gaýalaryň gaýratyny, ynsan mährini
özünde jemlän ahal­teke atyna üns çekildi. Ahalteke aty dünýä belli owadan at.
Ol beýik ussadyň – türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda döreden
beýik sungatydyr. Aty ondan owadan, şol bir wagtyň özünde­de şeýle gujurly edip
döretmek asla mümkin däl. Olaryň tebigy gujurlylyk bilen şeýle näzik
owadanlygyň bir gurluşda jemlenişi, ynsany haýran galdyrýar. Türkmenleriň
gadymy däpleri boýunça atlara haýwan diýmek hem gadagan bolandygy babatda
bellemelidir, ol elmydama adamynyň ynamdar dosty we söweşiji ýigidiň goraýjysy
bolupdy. Gadymdan bäri parfiýa rowaýatlarynda ahalteke atlary “jennet” ýa-da
“asman atlary” diýip atlandyrylýardylar. Şol sanda, türkmen şygyrýetiniň wekili
Seýitnazar Seýdi halypa hem, ahalteke atynyň üstüni “Süleýman-patyşasynyň
tagty” bilen deňeýärdi. Türkmen üçin bedew tebigatyň mukaddesligi we
döwletliliginiň nyşanydyr. Şonuň üçin, Ýanardag atynyň şekili Türkmenistanyň
döwlet tugrasynyň merkezi bölegini eýeleýändigini düşündirýär.
Gadymy taryhda “Gündogaryň Nusaý ýaýlasynda, ajaýyp atlar gezýän ägirt uly
giňişlik bar. Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedewler kuwwatly
şalara mynasyp. Olar tüňňiburun, buýsançly başlaryny belent tutýar, olaryň ýallary
günüň astynda öwsün atýar” – diýip, miladydan öňki II asyrda ýaşan rim
taryhçysy Appian ýazýar. Strabon bolsa, “Nusaý bedewleri iň iri we owadan

6
atlardyr, olary pars şalary münýär”, diýip olaryň taryhy tassyklaýar. Soňra Parfiýa
döwletiniň ýüze çykmagy bilen, Mesopatamiýadan tä Hindistana çenli bolan ägirt
uly giňişligi özüne tabyn eden kuwwatly döwletiň mertlik nyşanyna öwrülýär.
Olaryň ýany bilen, Marguşdan tapylan taýçanagyň süňkleri hem munuň aýdyň
subutnamasydyr. Ahalteke bedewüniň owadan keşbi rowaýatlarda we sungatda
ewedileşdirmek hormatyna mynasyp boldy. Merkezi Aziýanyň sebitinde dörän
atlaryň ýawany görnüşleriniň içinde Ahalteke atlary özüniň ýüwrükligi,
çakganlygy we çydamlygy bilen häsiýetlenýär. Gadymy türkmen taryhynyň içinde
zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehini bilen ençeme asyrlaryň dowamynda kemala
gelen bu bedewler özüniň gymmatbahaly gany bilen dünýä ýüzünde öçmejek yz
galdyrdy we häzirki medeni giňişliginde öz owadanlygy bilen ajaýyp nusgasyna
öwrüldi. Berkarar Türkmenistanyň döwlet tugrasynyň bezegi boldy hem-de
parahatçylygyň, dost-doganlyk gatnaşyklaryň, özenini düzýän nyşandyr. Ol
tebigatyň we ynsan ruhynyň hem beýik sungatynyň nyşanydyr. Sungat älemi
bolsa, adamzadyň kalbyna şatlyk çaýýan, ynsan ruhuna ruh goşup, adamzadyň
aň-düşünjesini, arzuwlaryny jadylaýjy ajaýyp dünýäsine gaplap alýan, ýagşy
niýetlere atarýan äpet täsirli güýiçdir. Şol hadysa ýaly güýjüniň ilkinjileriň
hatarynda sekillendiriş sungaty durýar. Onuň adamzada ýetirýän terbiýeçilik
ähmiýeti örän täsirli we güýiçli bolýandyr. Bu sungat ilki bilen ynsanyň içki
dünýäsine, oý-pikirlenşine täsir ýetirip, synlanýan şekilleriň üsti bilen we olaryň
kömegi bilen aňňyýetiniň ösüp-özgermegine ýardam berýär. Sungat ynsanyň
kalbyny heý-jana getirip galkyndyrýan täsin güýçdir. Her bir döwrüň esasy
häsiýeti şekillendiriş sungatyň üsti bilen beýan edilýär we ondan soňky
döwüre ýetýär.Şekillendiriş sungatynyň bir görnüşi bolan nakgaşçylyk sungaty
adam durmuşyny bezeýän iň ajaýy sungatlaryň biridir.