Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde milli
medeniýetimizi, şekillendiriş sungatymyzy ösdürmäge uly üns berilýär.
Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ykdysadyýetde, ylymda, bilimde sol sanda
medeniýetde-de ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň
“Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitabynda şeýle belleýär: “Ýurdumyzyň dürli
künjeklerinde, etrapdyr, welaýatlarynda ussat halypalaryň inçe sungatyny we
olaryň nusgawy ýoluny ýöredýän köp sanly haşamçylaryň, külallaryň,
heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň we zergärleriň ýüze çykmagy biziň bu
ulgamy ösdürmekde gazanan ösüşlermiziň aýdyň beýanydyr”. Ata –
Watanymyzyň milli mirasyna , çeperçilik sungatyna we şekillendiriş
sungatyna sarpa goýmak , onuň görnüşleriniň ähmiýetini doly öwrenmek we
aýdyň göz ýetirmek, döwrebap sungat akymlarynyň ornuna we gymmatyna
ruhy we aň taýdan akyl ýetirmek wajyp meseleleriň biri bolup durýar .
Medeniýet sözi giň düşünjäni özünde jemleýär. Ol adam bilen hemişe bile.
Sungaty ykbalyňa öwrüp, şol älemde öçmejek yz galdyrmak bagtyýarlykdan
nyşan. Munuň şeýledigine zehinli suratkeş hem-de sungaty öwreniji Azat
Annaýewiň döredijilik sergisinde görmek bolýar.
Watançylyk duýgularyny ösdürmek şekillendiriş sungatynyň ähli ugurlaryna
degişli bolup durýar. Durmuşyň täze gözelligini tehnikanyň üstünlikleri bilen,
industiriýanyň ösüşi bilen baglanşykly durmuşyň güýçli depginlerine öwrenişen
adamyň tebigaty täzeçe kabul etmeklerini açmaga ymtylýar. Azat Annaýewiň
işleriniň köp bölegi akwarel tehnikasynda ýerine ýetirlip, ýagty açyk reňkler bilen
baý bezelen . Onuň döreden eserlerinde arassa reňkler agdyklyk edýär. Türkmen
şekillendiriş sungatynda özüniň ajaýyp eserleri bilen orun eýelän sungaty öwreniji,
grafik, peýzažçy, natýurmortçy Azat Annaýew türkmen sungaty üçin köp sanly
işleri döretdi. Mugallymyň döredijiliginiň aglaba bölegini natýurmort eserleri
tutýar. Ol öz natýurmortlaryny ülkämiziň ir-iýmişleri, miweleri bilen baýlaşdyrýar.

Suratkeşiň uly bolmadyk natýurmort eserlerinde her bir ir-iýmişiň, miweleriň
şekilini edil hakyky ýaly, akwarel tehnikasynda tomaşaça ýetirýär.
Halypa suratkeş ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolup, ol ýeriniň
aýratynlygyny görkezmegi başarypdyr. Isle çöl ýa-da baglyk meýdan ýa-da dag
etekleri bolsun, şol ýeriniň howasyny duýýar we şol duýguny tomaşaça hem
bermegi başarýar. Sungaty öwrenji Azat Annaýewiň dürli žanrlarda döredilen
eserleri many-mazmuna baýdyr. Suratkeşiň her bir eserinde türkmen tebigatyna,
topragyna ýakyn reňkleri duýmak bolýar. Men hem sözümiň soňunda, biz talyp
ýaşlara görelde mekdebi bolup durýan halypa mugallymyň şular ýaly döredijilik
sergisiniň höwrüniň köp bolmagyny, türkmen şekillendiriş sungatyny ösdürmekde
alyp barýan döredijilik äliminde hem uly üstünlikleriň ýar bolmagyny
arzuwlaýaryn.

Ýalkym Taganowa
Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyň
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň
III-ýyl talyby