Luca Zidan sport raýatlygyny üýtgeder we Alžirde umyt edlişi ýaly, milli ýygynda 2022-nji ýylda geçiriljek Dünýä çempionatyna saýlanmaga kömek eder. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu hakda geçen tomus habar beripdi. Ýaňy ýakynda bolsa Real Madridiň baş tälimçisi Zinedin Zidanyň ogly Lukanyň Alžiriň milli ýygyndysynda oýnamaga razy bolandygy mälim edildi.
Alžiriň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Jamel Belmadi ýerli futbol federasiýasynyň goldawy bilen, derwezeçiniň raýatlygyny üýtgetmek üçin zerur işlere bolan girişdi. 21 ýaşly Luka häzirki wagtda “Racing” toparynda kärendesine oýnaýar. Onuň “Real Madrid” bilen şertnamasy bar we ol 2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda gutarýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri derwezeçiniň şertnamany uzaltmagy meýilleşdirmeýändigini we Fransiýada karýerasyny dowam etdirmek isleýändigini ýazýarlar.
Öň Luka Zidan Fransiýanyň ýaşlar milli ýygyndysynda (U-17) oýnapdy.