Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Tomas Greminger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda kanunçylyk ulgamyndaky özara gatnaşyklar hem-de halkara parlament guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy ara alyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, dünýäniň ösen tejribesini, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny nazara almak bilen, milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň toplan tejribesiniň ähmiýetlidigi bellenildi. Şeýle hem Mejlisiň iki palata geçmegi bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalary girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy ählihalk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenildi.
Gürrüňdeşligiň çäklerinde ÝHHG-niň Parlament assambleýasy bilen gatnaşyklary berkitmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, özara geňeşmeleriň we duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.
Türkmenistan ÝHHG-niň Parlament assambleýasy bilen gatnaşyklary berkidýär
