Orta asyrlarda Horasanyň meşhur Abiwerd welaýaty Günorta
Türkmenistanyň dag eteklerinde häzirki Mäne–Çäçe ýaýlalaryndan tä Babadurmaz
demir ýol bekediniň sebitlerine çenli aralykda ýerleşipdir. Amatly howa şertleri,
mes toprakly ýerler, çylşyrymly suw desgalaryny gurnamazdan emeli suwaryş üçin
amatly suw üpjünçiliginiň bolmagy bu ýerlerde ekerançylyk hojalygynyň irki
döwürlerde hem güýçli ösmegine getiripdir.
Üstünden “Beýik Ýüpek ýoly”geçen Abiwerd şäheri özüniň ajaýyp çeper
mirasy bilen bellidir. Soňky ýyllarda bu ýerde geçirilýan gazuw-agtaryş işleriniň
netijesinde Abiwerd şäheriniň baý medeni gatlaklara basyrlandygy äşgär edildi. Ol
ýerden esasan hem IX-XII asyrlara degişli keramiki önümler, metaldan ýasalan at
bezegleri, şaý sepler, giçki orta asyrlara degişli bolan pul şaýlyklary-teňňeler ýüze
çykarylýar.
Bu ýerden tapylan keramiki önümlere ser salanymyzda bolsa toýun gap-
gaçlarynyň syrçaly we syrçasyz görüşlerde ýasalandygyny bellemek bolar. Olaryň
arasynda içi çüňňur okaralar, käseler, tabaklar, çäýnekler, dürli görnüşli toýun
çyralar bar. Gap-gaçlaryň bezeglerinde geometrik, ösümlik nagyşlaryny, zoomorf
häsiýetli guşlaryň hem-de dürli haýwanlaryň şekilleri çekilipdir. Olaryň käbirleri
goňur, sary, ýaşyl reňkler bilen bezelipdir. Käbirleriniň bolsa ýerligi ak reňkde
bolup, gök reňkli ösümlik nagyşlary bilen gür haşamlanypdyr. Tabaklaryň içinde,
küýzeleriň böwürlerinde dürli görnüşli hereketde duran guşlaryň şekillerine hem
duş gelmek bolýar. Käbir tabaklardyr käseleriň içi goňur, sary, ýaşyl reňkli tekiz
syrça bilen tutuş örtülen. Şeýle görnüşli gap-gaçlar megerem, orta asyrlaryň giçki
döwürlerine degişlidir.
Abiwerd galasyndan dürli haýwanjyklaryň, üsti eýerlenen atlaryň, guşlaryň,
adam sudurly heýkeljikleriň birnäçe görnüşleri tapylypdyr. Bu bolsa şol ýerde
heýkeltaraşlyk sungatynyň ösendigini görkezýär. Aýratynam ol ýerde metaldan
ýasalan dürli görnüşli şekilli bezegler, şaý-sepler, teňňeler köp duş gelnipdir. Bu
ýerde haryt dolanşygy, söwda işleri örän üstünlikli alynyp barylypdyr. Taryhy
çeşmelerden habar berlişi ýaly Abiwrtde iki sany uly söwda merkezi-uly bazary
bolupdyr. Olaryň biri şäheriň günorta-gündogarynda, beýlekisi demirgazyk-
günbatarynda ýerleşipdir. Şol bazarlarda galla ekinleriniň, künjiniň, ýüpek we nah
matalarynyň, dürli egin-eşikleriniň, şaý-sepleriniň, ýaraglarynyň, keramiki we
çüýşe önümleriniň şeýle hem mal söwdasynyň şowhunly ýola goýulandygyny orta
asyr syýahatçylary öz ýazgylarynda beýan edýärler. Şu getirilen mysallardan çen
tutsak Abiwerd şäherinde binagärçilik sungatynyň, medeniýetiň hem-de halk çeper
mirasynyň ýokary ussatlyk bilen ösendigini aýtmak bolýar.
Ýönekeýje küýze bölegi. Emma bu küýze böleg abat wagty şakäse
görnüşde bolupdyr. Onuň içine bolsa, zerrin lybaslar bilen jullanan bedew atyň
suratyny çekipdirler-de syrçalapdyrlar. Takmynan XII–XIV asyr bilen senelenýän
bu tapyndy ussanyň bedew aty çekmek işine şeýle ussat bolandygyndan habar
berýär, aslynda suratkeşlik sungatynda atyň şekilini çekmek islendik beýleki janly-
jandarlaryň suratyny çekmekden kyn hasaplanylýar, sebäbi bedewiň keşbi kämil
bedeniň nusgasydyr. Şol bir wagtyň özünde bu tapyndy bedew atlary bezäp-
beslemek işine näderejede uly ähmiýet berlendigine şaýatlyk edýär.
Beýleki bir tapyndy has hem gyzykly. Eýerlenen atyň üstünde oturan
oglanjygyň heýkeljigi. Bu oýnawajyň ajaýyp manysy bardyr. Oglan bolsun ýa gyz
çaga bolsun, bu heýkeljik çaga-da ata bolan höwes duýgusyny döredýär. At
göwnüňe ganatdyr. Bu oýnawajy oýnaýan çaga – ertir at münüp bilýän ýigit bolup
ýetişmeli. Hum küýzäniň böleginde saklanyp galan bedew atyň hyýaly-çeper
keşbi ata bolan söýginiň, ähli pursatlarda göz öňünde tutulandygyndan habar
berýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy
Ýazmyradowa Güljemal “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby