Änew şäherinde Weterinar bejerişhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Aşgabadyň golaýynda gurlan hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky döwlet weterinar gullugynyň weterinar bejerişhanasynyň we öý haýwanlary saklanýan toplum öý haýwanlaryna ideg etmekde düýbünden täze görnüş bolup durýar. Bu döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkez öý haýwanlarynyň kesellerini ýüze çykarmak we olary bejermek üçin niýetlenen öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.
Weterinar bejerişhana, ilkinji nobatda, itler we pişikler üçin niýetlenendir. Bu ýerde haýwanlaryň bir wagtyň özünde 10-syny kabul etmek mümkin, 8 görnüşi üçin bolsa bejeriş hyzmatlary üçin şertler bar.
Weterinar bejerişhananyň işgärleri towuk, ördek we beýleki öý jandarlara hem-de haýwanat dünýäsiniň ekzotiki görnüşleriniň wekillerine hem kömek etmäge taýýardyrlar. Oba hojalyk haýwanlaryna, şeýle hem olaryň eýeleriniň islegine görä, öýlerinde hem hyzmat edilip bilner.
Bejerişhananyň işgärleriniň esasyny düzýän weterinar lukmanlar ýokary derejeli hünärmenler bolup, olar haýwanlara kömek etmegiň asylly ýörelgelerini öz maksatlary edip goýýarlar. Hünärmenleriň ählisi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň okuw merkeziniň binýadynda täze enjamlar bilen işlemekde hünär ýokarlandyryş okuwyny geçdiler.
Türkmenistanda häzirki zaman weterinar bejerişhanasy açyldy
