Farýab welaýatynyň häkimligi we parahatçylyk söýüji, hoşniýetli ilaty Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystanyň halkyna dürli ulgamlarda köp ýyllaryň dowamynda berýän ynsanperwer kömegi üçin hoşallyk bildirdi. Bu barada Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň häkimi Nakybullah Faýygyň Türkmenistanyň Prezidentine iberen hatynda bellenilip geçilýär.
Şeýle hem hatda bellenilişi ýaly, «Siziň owgan halkyna bolan hoşniýetli gatnaşyklaryňyzyň iki ýurduň arasynda halklaryň bähbidine ýola goýulýan dost-doganlyk hyzmatdaşlygy has-da berkitjekdigine ynanýarys».

RU












