27-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aşraf Gani oňyn häsiýeti sebitdäki amatly geosyýasy ýagdaý bilen kesgitlenilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etmegiň möhümdigini bellemek bilen, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny esasy ugurlar hökmünde görkezdiler. Şol ugurlarda soňky ýyllarda diňe doganlyk ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň gülläp ösmegine hyzmat etjek iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyrylýar.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda döwlet Baştutanymyz owgan Lideriniň Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşindäki üç taraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky teklibini gollady. Onuň gün tertibine Lapis Lazuli ulag geçelgesiniň netijeliligini artdyrmak meseleleri giriziler.

Iki döwletiň Baştutanlary dünýäniň gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşylan, bir bitewi çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Şol meseleleriň biri COVID-19 koronawirus pandemiýasy bolup, onuň tutuş adamzatda uly ynjalyksyzlanma döredip, halkara ykdysady gatnaşyklaryna, ençeme döwletleriň we halklaryň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirdi.

Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz koronawirusyň dünýä möçberinde ýaýramagy ýaly döwrüň wehimlerine garşy göreşmekde Türkmenistanyň
ylmy diplomatiýanyň gurallaryny giňden ulanmak pikirini öňe sürendigini ýatlatdy. Munuň özi dürli ýurtlardan bolan alymlaryň we hünärmenleriň ýakyn hyzmatdaşlygyny üpjün edip bilerdi, olar howply ýokanç keselleriniň öňüni almagyň we bejermegiň usullary boýunça maglumatlary, bilimleri we toplanan tejribeleri, netijeli derman hem-de gorag serişdelerini taýýarlamak boýunça işleri dessin alşyp bilerdiler.

Ylmy diplomatiýanyň gurallary häzirki wagtda emele gelen ýagdaýlarda hyzmatdaşlygyň netijeli ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Alym-lukmanlaryň geňeşini döretmek boýunça türkmen tarapynyň öňe süren başlangyjynyň koronawirusa garşy umumy göreşe oňyn täsirini ýetirip biljekdigini aýtdy.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky esasy alym-lukmanlar we hünärmenler keselleriň tebigatyny kesgitlemek, onuň ýüze çykmagynyň görnüşlerini düýpli öwrenmek, keselleriň öňüni almagyň we netijeli bejermegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny işläp taýýarlamak üçin tagallalaryny birleşdirmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Türkmenistan şol howply ýokanja garşy göreşmek boýunça çäreleriň toplumyny üstünlikli amala aşyrmak arkaly, dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar hem-de oňa garşy ylalaşylan hereketleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi möhüm hasaplaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe ähli ýurtlaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde oňat netijeleri gazanyp boljakdygyny aýtdy.

Iki döwletiň serhedinde utgaşykly sanitariýa-karantin çärelerini geçirmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda hem-de Owganystanyň çägindäki käbir beýleki ýerlerde — demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurdumyzda gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.

Şeýlelikde, bilelikdäki tagallalar bilen görülýän çäreler sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini gazanmaga, serhetden geçýän ulaglary we ýükleri zyýansyzlandyrmak üçin şertleri döretmäge mümkinçilik döreder.