Ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we kämilleşdirmek, ulag toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini seljermek boýunça Pudagara topary döredildi hem-de onuň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy.