Braziliýa prezidenti Jair Bolsonaru ABŞ ýaly ýol tutup, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň düzüminden çykjakdygy hakyndaky habary mälim etdi. Bu hakynda Bolsonaru “Duýdurýaryn: ABŞ BSGG-den çykdy we biz hem şu warianty görüp çykarys” diýýär. Prezidentiň nygtamagyna görä, BSGG gizlin taslamalar bilen işlemezligi gerek. Eger şeýle ýagdaý dowam etse Braziliýa hem guramany terk eder. “Bize saglygy goramak barada näme etmek gerekdigini bir çetde durup öwredýänler gerek däl” diýip prezident sözlerine goşmaça girizýär. Ýatladyp geçsek, 15-nji aprel güni ABŞ BSGG-ni maliýeleşdirmegini togtadandygyny yglan edipdi. 17-nji maý güni bolsa ABŞ prezidenti Donald Tramp Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyny maliýeleşdirmegiň bölekleýin dikeldilmegi mümkinligini mälim edipdi. 29-njy maýda bolsa ABŞ BSGG bilen gatnaşyklaryny bütinleý duruzdy.
Braziliýanyň BSGG-den çykmagy mümkin
