Hytaýyň Merkezinde we Gündogarynda güýçli ýagyş ýagmagy we sil gelmegi netijesinde 1,76 million adam jebir çekdi. Häzirki wagta çenli dokuz adam aradan çykanlygy we bäş adam dereksiz ýitenligi hakynda aýdylýar. HBS maglumatlaryna görä, bu Hytaýyň sekiz prowinsiýasynda we awtonom okruklarynda (Szýani, Hunan prowinsiýasy, Guansi-Çjuan awtonom okrugynda we başgalar) bellige alnan maglumatlardyr. 120 müň adam howpsuz zolaklara göçürildi. 900-den gowrak bina weýran boldy. 13 müňde artygrak bina bolsa
zaýalandy. 113,5 müň gektar ekin meýdany zelel çekdi. Ykdysady taýdan çekilen
zyýan bolsa 28,8 milliard ýuwan bilen bahalanýar.
Hytaýda güýçli ýagyn ýagdy
