9-njy iýunda duşuşyklaryň dördüsi bilen ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň duşuşyklary ýaýbaňlandyryldy.
Toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda 4 aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy ligasynyň üç tapgyryndan soň belli sebäplere görä togtadylandygyny ýatladýarys.
Şu gün geçirilen dördünji tapgyryň duşuşyklaryndan soň toparlaryň dördüsi (“Gümrükçi”, “Migrasiýa”, “Daýhanbank”, “Köpetdag”) 9 utukdan toplamagy başardylar. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda dowam edýän Naýbaşy liganyň bäşinji tapgyry 11-nji iýunda geçiriler.
Ilkinji gezek Naýbaşy ligasy ady bilen geçirilýän ýaryşyň duşuşyklary Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde, şeýle-de, Daşoguz hem-de Mary welaýatlarynda geçiriler.

RU












