Geçen 30 ýylyň içinde Ýeriň Günorta polýusy beýleki yklymlara garanda
3 esse çalt gyzýar, şeýle netijä alymlaryň halkara topary geldi.
Antarktidanyň goýan temperatura rekordy barada “Nature Climate Change”
ylmy žurnalynyň sahypalarynda habar berilýär, muny live24.ru ýetirýär.
Derňew geçirijiler temperaturanyň her onýyllykda, takmynan, 0,6 gradus
ýokarlanandygyny, munuň bolsa ýer şary boýunça ortaça ösüşinden üç
esse ýokary geçýändigini düşündirýärler.
Antarktidada temperatura görkezijileriniň pasyla we sebite baglylykda
güýçli üýtgeýändigi gizlin däldir, şonuň üçin uzak ýyllaryň dowamynda
adamlar yklym global ýylama sebäpli klimatik üýtgemelere kän duçar
bolmaýar diýip hasaplaýardylar. Ýöne soňky 60 ýylyň içinde meteorologik
stansiýadan alnan maglumatlar we kompýuter modelirlemäniň netijeleri
ýagdaýy başgaça görkezýär.
Güýçli ýylamanyň sebäbi birnäçe onýyllygyň içinde Günbatar
Antarktidanyň kenarýakasynda, Günorta ummanyň atlantik böleginde
ýerleşýän Ueddella deňziniň üstünden atmosfera basyşyny pese düşüren
Ýuwaş ummanyň günbatar böleginde suwuň temperaturasynyň
ýokarlanmagy boldy. Bu Günorta polýusyň üstünden ýyly howanyň
akymynyň güýçlenmegine getirdi.
“Bu bolsa tropiklerde we Antarktikada klimatik prosesleriň öz aralarynda
berk baglanyşyklydygyny ýene bir gezek görkezýär” – diýip, derňewçiler
ýazýar. Şeýlelikde, 1989-njy ýyldan bäri ol Selsiý boýunça 1,83 gradusdan
hem gowrak gyzdy.
Ähli klimatologlar diýen ýaly global ýylamanyň hereket edýändigine we
eger-de temperaturanyň ösüşini 1,5 gradusda saklamak başartmasa, onuň
ýer şarynyň görnüşini düýpli üýtgetjekdigine şübhelenmeýärler.
Mundan başga-da, derňew işiniň awtorlary temperaturanyň
ýokarlanmagyny adamyň işiniň goşmaça önümi bolan, atmosfera gaz
zyňyndylarynyň netijesinde ýüze çykýan parnik täsirleriniň hem
güýçlendirýändigini belleýärler.