Şweýsariýanyň Nýon şäherinde ýerleşen UEFA-nyň edara binasynda 2019-
2020-nji ýylky möwsüm Ýewropa Çempionlar ligasynyň çärýek hem-de ýarym
final tapgyrlaryna bije çekişlik dabarasy boldy.
Bu saparky çäre öňkülerden azrak başgaçarak geçdi. Ýarym çärýek finalyň
ýene-de 4 sany duşuşygy öz ahyryna ýetmandigi sebäpli, ¼ finalda oýnan 2 sany
jübüt anyk boldy.
Çünki öňki tapgyryň galan 4 jübütliginde jogap ýaryşlary häli oýnalmandy.
Şu sebäpli, bije “double team” görnüşinde geçirildi. Diýmek toparlar aşakdaky
görnüşde bölündi:
“Mançester Siti”/“Real Madrid” – “Ýuwentus”/“Lion”
“Atletiko Madrid”-“Leýpsig”;
Barselona”/”Napoli” – “Bawariýa”/”Çelsi”;
“Atlanta”/”PSJ”.
Emma bu gezek hem “däp bolup gelýän” bir zat üýtgemedi. Bir tarapa güýçli,
ikinji tarapa bolsa güýçsiz klublar toplanyp galdy.
Ýöne, muňa garamazdan, hünärmenler ýaryşlaryň gaty gyzykly we çekeleşikli
geçjekdigini aýdýarlar. Onda-da häli ýeňiji ady anyklanylmadyk jübütler
tomaşaçylara ýokary atmosfera bermegi mümkin.
Ýatladyp geçsek, ýarym çärýek finalynyň galan 4 bäsdeşligi myhman
alýanlaryň öý stadionlarynda geçmegi meýilleşdirilýär. Ol 7-8-nji awgust
senesinde gçiriler. ¼ final tapgyrlary 12-15, ½ final tapgyrlary bolsa 18 we 19-njy
awgust günleri bolup geçdi. Her iki tapgyryň geçirilýän ýeri hökmünde Lissabon
saýlandy. Final oýny bolsa 23-nji awgust senesinde geçiriler.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Ýewropa Çempionlar ligasyna çärýek final we ýarym final oýunlaryna bije çekildi
Ýewropa Çempionlar ligasyna çärýek final we ýarym final oýunlaryna bije çekildi

RU












