Ýapon ekspedisiýasynyň dowamynda ylmy-barlag geçirijiler günorta Antarktidanyň çäginde täze bir gyzgyn ýeriň üstünden bardylar.
Alymlaryň aýtmaklaryna görä, bu anomal häsiýetli buz eremeleri Sirase diýen ýeriň aşaky böleginde ýerleşýär diýlip hasaba alyndy. Bu gözlegiň awtorlaryna beýle täsinligi açmak bilen käbir faktlary ýüze çykarmak hem başartdy.
Bu ýeriň häsiýetli aýratynlyklaryndan mälim bolşy ýaly, bu ýerdäki buzluklar geçen tejribe esasynda ýylda 16 metre çenli eremäge ukyply diýlip görkezildi. Bu bolsa özboluşly täze görkezijidir. Sebäbi häzire çenli iň çalt ereýär diýlip hasaba alnan Totten buzlugydy, ol ýylda ortaça 11 metr töweregi ereýärdi.
Ylmy ekspedisiýanyň dowamynda alymlar ýene netijä geldiler. Olaryň pikirine görä, bu gyzgyn nokat aýlagda ýyly suwuň emele gelmegi bilen peýda bolupdyr. Onuň suwy düýbünden aýlanyp ýylansoň, ýokaryk galyp sowuk suwy hem gyzdyrýar.
Alymlar bu ýüze çykaran maglumatlarynyň howa maglumatyny anyklamakda klimatyň üýtgemeni ýüze çykarmakda hem peýda etjekdigini belleýärler. Mundan başga-da, Mediapotok saýtynyň habarlarynda geologlaryň halkara toparynyň Hindi ummanynda emele gelýän kontinenti ýüze çykarandyklary barada hem aýdylýar. Barlag geçirijler gürrüňi edilýän ýerlerde adalaryň gelip çykyşyny anyklamak bilen, bu ýerde “embrional kontinentiň formirlenýändigini belleýärler.
Ýapon ekspedisiýasynyň täze açyşy
