Planetamyzda iň köp ekologiýa taýdan zyýan ýetirilen, betbagtçylykly ýerleriň biri Aral deňzidir. XX asyrda Aral deňziniň guramagy iň uly betbagtçylyklaryň biri hasaplanýar. Öz döwründe Sowet inženerleri tarapyndan nädogry hasaplamalary we pagta meýdanlarynyň köpelmegi Aral deňziniň kem-kemden kiçelmegine hem-de guramagyna sebäp boldy. Indi öz döwründe tolkun atýan deňizden hiç zat galmady diýen ýaly.
Emma bu betbagtçylyk arheologlaryň ylmy-gözlegleri alyp barmaklary üçin üçin köp babatda täze ugurlary açdy. Bu makalada öňki Aral deňziniň düýbünde tapylan adaty bolmadyk aramgäh hakynda gürrüň berýäris.
Gazagystanda Aral-Asar diýlip atlandyrylýan ýer XIV asyryň ahyrynda Aral deňiziniň suwunyň derejesiniň köpelmegi netijesinde suwuň astynda galýar. Bu ýerde ýörite alymlar topary tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilende Kerderi diýlip atlandyrylýan mowzoleýiň üstünden barylýar.
Gözlegden ozal bu ýer kerpiç bölekleri ýaýrap ýatan 1,6 metr beýiklikdäki depedi. Gazuw-agataryş işleriniň netijesinde gözlegçiler bişirilen kerpiçlerden we daş plitalardan ýasalan birwagtlar binýady 2 metr uzynlyga eýe bolan binany açdylar.
Umuman aýdylanda, mawzoleýiň gurluşy Merkezi Aziýa ýurtlary üçin geň görünýär. Emma bularyň ählisiniň ýerli şertlere görä logiki jogaplary bar. Mysal üçin, gaty galyň esaslar ýerli topragyň gaty durnuksyz we batgalyk bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýene-de bir bellemeli ýeri, bu binanyň diwarlary hem haýran galdyrýar – iň inçe böleginiň galyňlygy bir metrdir.
Mawzoleý çar tarapa gönükdirilen we gönüburçly dörtburçlyk görnüşe eýe. Diwarlaryň günorta-günbatar bölegi alty hatar kerpiçden ybarat bolup, şol ýerde hem onuň girelgesi hem bar.
Mawzoleýiň aşaky bölegi dürli nagyşlar bilen bezelen dürli plitkalar bilen örtülipdir. Aramgähiň diwarlarynda geometrik, gül, epigrafiýa şekilleri we käbir ýerlerde arap elipbiýindäki altyn ýazgylar hem saklanyp galypdyr. Bu bolsa şol döwürlerde ilatyň yslam dini ynanýandygyny görkezýär.
Bu ýerdäki merhumlary jaýlamak üçin niýetlenen ýerler “gorhana” diýlip atlandyrylypdyr. Ol ýer hem iki bölege bölünip, aýallar, çagalar we erkekler üçin niýetlenipdir. Alymlar bu ýerde XIV asyryň ahyryna degişli jemi ýedi sany merhum otaglaryny tapdylar.
Çärjew etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy.