Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda Aşgabat şäherimiz aşyklaryň bagt şäherine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň “Aşgabat söýgüniň we umytlaryň şäheri” atly kitabynda Aşgabat şäheriniň taryhyndan başlap tä şu günlere çenli waspy arşa ýetirilýär. Az wagtyň içinde birnäçe mekdepler, çagalar bagy, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri, sagaldyş we dikeldiş merkezleri, dynç alyş we söwda-hyzmat öýleri, ak mermerli binalar, sport meýdançalary, birnäçe desgalar gurulyp ulanmaga berildi. Bu ösüşlikleriň başynda hormatly Arkadagymyz halkymyzyň sagdyn, ruhubelent ýaş nesillerimiziň sport söýüji, ilhalar zähmet çekmekleri ugrunda beýik işler amala aşyrýar.
Türkmen halky her ýyl öz mynasyp ady bilen şanly senelere, toý-baýramlara baý bolup, taryhda öçmejek at bilen öňe barýar. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda 25-nji maýda Aşgabadyň 140 ýyllygy uly toý dabaralar bilen bellenip geçirildi. Türkmeniň toýlary goşadan gelýär diýilişi ýaly, hut şu ýylda hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy bellenilip geçildi. Türkmen halkyna egsilmez bagt eçilen Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, alyp barýan il-bähbitli, ýurt-ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Mahym ASYRTAGANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 213-nji toparynyñ talyby

RU



