Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Germaniýanyň ýardam
bermeginde Berlinde açylan pandemiýalar we epidemiýalar barada maglumatlary
seljeriş merkezi dünýä ýurtlaryna howply keselleriň ýaýramagyna çalt gaýtawul
bermäge mümkinçilik berjek maglumatlary hödürlär. Bu barada BSGG-niň
Ženewadaky ştab-kwartirasy tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar diýip, TASS
habar berýär.
Merkez “BSGG-ni, oňa agza ýurtlary we hyzmatdaşlary kesel duýduryşlaryna
nähili baha bermelidigi barada has gowy we çalt karara gelmäge mümkinçilik
berjek gurallar bilen üpjün eder”. Mundan başga-da, Berlin merkezi häzirki zaman
we geljek üçin kesel ýaýrawlary bilen bagly çözgütleri çykarýan institutlar bilen
torlaryň arasynda maglumat alyş-çalşygyna ýardam berer.
“Dünýä pandemiýa potensialy bolan täze hadysalary anyklamaga we kesellere
real wagtda gözegçilik etmäge ukyply bolmaly” – diýip, BSGG-niň baş direktory
Tedros Adhanom Gebreýesus aýtdy. Ol epidemiýalaryň we pandemiýalaryň
adamzada ýetirýän howpuny netijeli dolandyrmagyň zerurdygyny belledi. Onuň
aýtmagyna görä, Berlin merkezi bu tagallada innowasiýalary peýdalanmak we
hünärmen tejribesi bilen global derejede paýlaşmaga kömek edýän ulgamlary
döretmek bilen möhüm rol oýnar. Bu merkez keselleriň güýçlenip, ölüme we
jemgyýetçilik howsalalaryna getirmezinden ozal, irki tapgyrlarynda olar bilen
bagly maglumatlary seljermäge we töwekgelçiliklere baha bermäge ünsi
gönükdirer.
BSGG-niň bellemegine görä, Germaniýanyň paýtagtyndaky merkez dünýäniň
ähli ýerinden hyzmatdaşlar bilen işleşer. Merkeziň direktory doktor Çikwe
Ihekweazu boldy. Ol häzirki wagtda Nigeriýanyň Kesellere gözegçilik merkezine
ýolbaşçylyk edýär.