Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Ženewada howanyň hili
boýunça täze gollanma ýörelgelerini neşir etdi. 2005-nji ýyldan bäri hereket edýän
öňki görkezmelerden tapawutlylykda, bu resminamada howadaky azot dioksidiniň
(NO2) hem-de 2,5 mkm we 10 mkm çenli ululykda bolan gaty mikrobölejikleriň
düzüminiň rugsat edilýän möçberi peseldildi. Bu barada TASS habar berýär.
BSGG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasy 2005-nji ýyldan bäri “howanyň
hapalanmagynyň saglyga nähili täsir edýändigine subutnamanyň köp
bolandygyny” belleýär. Şonuň üçin BSGG ýygnalan maglumatlary yzygiderli
gözden geçirip, howanyň hilini häsiýetlendirýän ähli hapalaýjy maddalaryň
derejesini peseltmek kararyna geldi.
BSGG her ýyl howanyň hapalanmagy sebäpli 7 mln adamyň möhletinden ir
aradan çykýandygyny ýatlap geçdi. Mundan başga-da, millionlarça adam sagdyn
durmuşynyň köp ýylyndan mahrum bolýar.
2,5 mkm çenli ululykdaky mikrobölejikler bilen bagly rugsat berilýän
hapalanma derejesi BSGG tarapyndan öňki bilen deňeşdirilende, iki esse peseldildi
we ýylda 5 mkg/m3 boldy. 10 mkm çenli bölejikler üçin peselme 20-den 15
mkg/m3-e çenli boldy. Şeýle-de, bu bölejikler bilen bagly gündelik rugsat berilýän
dereje hem peseldildi. Azot dioksidi barada aýdylanda, täze görkezmelerde rugsat
berilýän dereje 10 mkg/m3 boldy, bu öňküsinden dört esse azdyr. Resminamada
kükürt dioksidi (SO2) we uglerod oksidi (CO) bilen bagly görkezmeler hem
berilýär.
“BSGG-niň täze gollanma ýörelgeleri howanyň hilini gowulandyrmak üçin
subutnamalara esaslanýan amaly guraldyr. Men ähli ýurtlary we daşky gurşawy
goramak üçin göreşýänleriň hemmesini bu görkezmeleri azaplary azaltmak we
adam janyny halas etmek maksady bilen ulanmaga çagyrýaryn” – diýip, BSGG-niň
baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus belledi.