Müsür özüniň iýeroglifik ýazuw ýadygärlikleri bilen dünýä medeniýetinde
bellidir. Bu täsin hem gizlin ýazuw ulgamyny okamagyň açaryny tapmak hem, edil
şinehat ýazuwynyňky ýaly çylşyrymly bolupdyr. Müsüriň faraonlary tarapyndan
dag gaýalarynyň, beýik binalaryň ýüzüne oýdurylyp ýazdyrylan surat şekilli ýazuw
ýadygärlikleri juda irki döwürlerden başlap, mukaddes ýazgylar hasaplanyp
gelnipdir. Olary gözi bilen gören, taryhyň atasy Gerodot (b.e.öňki V asyr) özüniň
meşhur eseriniň diňe bir ýerinde «müsürlileriň mukaddes harplary» barada
ýazypdyr. Bu ýazuw ulgamyna iýeroglifik (ýagny «daşyň ýüzüne oýulyp ýazylan
mukaddes belgiler») adalgasyny berip, bu adalgany ilkinji bolup ylmy dolanyşyga
girizen meşhur alym Klement Aleksandriýskiý ( II asyr) bolupdyr. Gadymy
Müsüriň iýeroglifik ýazgylary köp mukdarda biziň döwrümize çenli gelip ýetipdir.
Aradan dört müň ýyla golaý wagt geçenden soň, 1822-nji ýylda meşhur fransuz
alymy Žan Fransua Şampolon (1790-1832) olary ilkinji bolup okamagy we
düşünmegi başarypdyr. Munuň özi XIX asyryň gündogarşynaslyk ylmynyň
ösüşinde nobatdaky uly açyş hem öňegidişlik bolupdyr. Bu gadymy ýazuw
ýadygärlikleriniň uly toplumyny ylmy dolanyşyga girizmek bilen, Ž.F.Şampolon
müsürşynaslyk ylmyny esaslandyryjy bolupdyr.

Leýli ANNAMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Gidromeliorasiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.