Gahryman Arkadagymyz : “Bilimsiz öý – otsuz ojak ýalydyr. Ylym, bilim, edebiýat, sungat, medeniýet bolsa adamzadyň bahasyny ölçäp bolmajak baýlyklardyr. Olaryň hemmesi adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýan, biri-birine mähriban edýän, dost dogan edýän, nesillerde iň gowy häsiýetleri döredýän, iň ajaýýp duýgylary oýarýan güýçlerdir. Hut şonuň üçin hem, biz olary ösdürmäge uly üns berýäris” diýip jaýdar belleýär. Bu howaýy sözler däl.Bu sözler ýurduň ykdysadyýetini galdyrmakda, oba hojalygyny ösdürmekde ylym, bilim, edebiýat, sungat, medeniýet ýaly güýçleri doly manysynda işe girizmekde ýol görkeziji täze üstünliklere badalga berýär.
Hormatly Prezidentimiz 2008-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda ýurdumuzyň döredijilik işgärleri bilen bolan duşuşykda häzirki wagtda özbaşdak döwletiň berkarar bolmak tapgyryndan geçendigini belläp, indiden beýläk ony berkitmek we ösdürmek üçin häzirki döwrüň reallyklaryna we talaplaryna esaslanýan düýbünden täze ideýalogiýanyň gerekdigini öňe sürdi. Ol zähmetkeş halkyň durmuş, ýaşaýýş ýagdaýyny mundan beýläk has-da gowlandyrmaga, bazar ykdysadyýetine geçmäge ähli tagallalary birleşdirmäge ünsi çekdi. Halkyň milli bähbitlerini ileri tutup işlemelidigini adalatly belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu wezipede döwrüň esasy meselesine öwrüldi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şol duşuşykda ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek işini has-da güýçlendirmelidigini bellemek bilen, bu meselede ýokary okuw mekdepleriniň alyp barýan işleriniň ýokarlandyrmagy barada durup geçdi. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýokary okuw mekdeplerinde häziriki zaman türkmen jemgiýetiniň ösüşine bagyşlanan täze sapak girizmek barada pikirleri öňe sürüpdi. Munuň, özi örän wajyp gozgalan meseledir. Sebäbi, täze Bagtyýarlyk eýýamynda ýaşlaryň giň düşüňjeli çuňňur dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly bolmagy zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz şol mejlisde žurnalistleriň öňünde olaryň wezipelerini hem kesgitledi. Ol ýurtda Garaşsyzlyk,
özbaşdaklyk syýasatlarynyň öz möwritini geçirendigini, halkyň islegini kanagatlandyrýan täze ideologiýany tapmalydygyny belledi. Şeýle hem bu döwrüň Bagtyýarlyk döwri bolup, KHBS-iň roluny güýçlendirmegiň zerurlygyny aýtdy.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Daşary işler ministrliginiň bazasynda halkara gatnaşyklary institutynda žurnalistika hünärleriniň açylandygyny we olary taýýarlamaga gowy üns bermelidigini belledi. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz 2020-nji ýylyň 23-nji fewralynda we 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda KHBS-niň işini kämilleşdirmek boýunça geçiren iş maslahatlarynda hem bu babatdaky wezipeler barada giňden belledi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly biz bu ugurda habar beriş serişdelerimiziň ähli ugurlaryny ýokary derejede ösdürmeli, türkmen halkynyň gadymy sözlerini ulanyp diliň şireliligini güýçlendirmeli, dogry ýazuw kadalaryny saklamaly. Häzirki wagtda žurnalistikanyň görnüşleri tapylmaz derejede ösdi. Operatiwligi we guwandyryjylygy taýyndan esasy orny eýeleýän telewideniýe gepleşikleri, radio gepleşikleri dürli sputnik kanallary arkaly dünýä ýaň salýar.
Döwrüň ösmegi, tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegi esasynda häzirki döwürde internet ulgamy hem ýokary derejelere ýetendigini bellemek gerek. Bu ugurdan internet sahypalarynyň, web-saýtlaryň döredilmegi, elektron žurnalistikasynyň ösmegine getirdi. Ol özüniň operatiwligi we hemmeler üçine elýeterlidigi bilen habar beriş serişdeleriniň beýleki görnüşlerinden diýseň tapawutlanýar. Sebäbi, habar beriş serişdeleriniň bu görnüşinden her bir adam özleriniň el telefonlaryndan hem islendik wagtda peýdalanyp bilýärler.
Umuman häzirki wagtda žurnalistika bolan talap hem oňa berilýän üns hem diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde ýokarlanýar. Munuň özi habar beriş serişdeleriniň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülendigine şaýatlyk edýär.
Ogulmaral MÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby