“Aziýanyň merjeni” hasaplanýan ak şäherimiz Aşgabat halk arasynda “Aşyklaryň şäheri” diýlip hem atlandyrylýar. Elbetde, onuň deňi-taýsyz gözelligi, nuranalygy, kalbyňy heýjana getirýän ajaýyplyklary, şeýle hem ak bagta çalymdaş ak mermerli binalara beslenmegi bu adyň juda ýerliklidigine artygy bilen şaýatlyk edýär. Şäheriň bu at bilen tanalmagy gadymy rowaýatlarda-da öz beýanyny tapypdyr. Şol rowaýatlaryň birinde “Aşyklaryň şäheri” adynyň döreýşi barada şeýle gürrüň berilýär:
Gadym zamanlarda asuda oturan bir oba duşman çozupdyr. Şonda onuň ilatynyň ählisi diýen ýaly gyrlyp, olardan diňe iki sany aşyk-magşuk gaçyp gutulupdyrlar. Ýaş juwanlar bir çeşmäniň boýuna baryp, mesgen tutunyp, ýaşaberipdirler. Wagtyň geçmegi bilen bu maşgala köpelip, birnäçe öý bolup, şol ýerde bir ajaýyp şäher döräpdir. Ol şähere-de aşyklaryň mährinden dörän şäher, ýagny “aşyk” we “abat” sözlerinden gelip çykan “Aşgabat” diýip at beripdirler. Şondan bäri hem, bu şäheriň ady şeýle atlandyrylyp gelnipdir. Görşümiz ýaly, ak şäherimiziň döremegine-de, oňa şeýle owadan adyň berilmegine-de aşyklaryň biri-birine bolan söýgüsi sebäp bolupdyr. Häzirki wagtda hem, paýtagtymyzda ýerleşýän “Bagt köşgi” binasy her bir ýaş juwanlary maksat-myratlaryna ýetirýär. Olaryň ajaýyp arzuwlarynyň amala aşyp, agzybir hem gözel durmuşa gadam basmaklary üçin, ak ýola rowana edip, ak bagta atarýar.